Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

28.11.2018 | Awazada ulag ministrleriniň halkara maslahaty öz işine başlady

2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty öz işine başlady.


28.11.2018 | Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan halkara maslahata gatnaşyjylara

Sizi Hazaryň türkmen kenarynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakyndaky ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


27.11.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Piter Kallosy kabul etdi.


26.11.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, toplumlaýyn we maksatlaýyn milli maksatnamalary amala aşyrmak babatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna seredildi.


26.11.2018 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn we uzak möhletleýin, raýatlaryň ömür dowamlylygyna oňyn täsir edýän saglygy goraýyş syýasatyny dünýä döwletlerine giňden ýaýmak hem-de ýokanç däl keselleriň öňüni almaga we olaryň garşysyna göreşmäge gönükdirilen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


25.11.2018 | Türkmenistan — Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi: özara gatnaşyklaryň täze görnüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň öz daşary syýasatynda Ýewropa ugruna ygrarlydygy barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň uly mümkinçilikleriniň ähli gatnaşyjy taraplaryň bähbitlerine laýyk gelýän giň gerimli halkara taslamalaryň amala aşyrylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär diýip belleýär.


23.11.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.


23.11.2018 | Türkmenistan — ÝHHG: ynsanperwerlik ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda milli azlyklar we olaryň jemgyýetçilik durmuşyna goşulyşmagy bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan “tegelek stoluň” başynda duşuşyk geçirildi.


23.11.2018 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alýan parahatçylyk söýüji daşary syýasatyna laýyklykda, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek we ulag ulgamyndaky köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.


22.11.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Ylham Aliýewiň arasynda gepleşikler

Şu gün türk­men paý­tag­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýur­du­my­za res­mi sa­par bi­len ge­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­wiň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter