Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

19.08.2018 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden gatnaşan ýaş aýdymçylaryň arasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine goşant goşjak, geljekde sungat äleminiň ýyldyzlary bolup ýetişjek zehinli aýdymçylar ýüze çykaryldy.


18.08.2018 | Döwlet Baştutanymyz ýaş ýerine ýetirijileriň bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Sizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe size uly döredijilik üstünliklerini, juwan kalbyňyzdan gaýnap çykýan ylhamyňyzyň, zehiniňiziň hemişe joşgunly bolmagyny arzuw edýärin!


17.08.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki göçme mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalaryny we durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasyny amala aşyrmagyň meselelerine garaldy. Gün tertibine şeýle hem halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň wajyp wezipeleri we ýolbaşçylary wezipä bellemek meseleleri girizildi.


17.08.2018 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň orunbasary Hajygeldi Baýramdurdyýewiç Orjykow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.


17.08.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Gurban baýramyny bellemek hakynda

Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:


17.08.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany B.R.Annamämmedow hakynda

Berdimämmet Rejepmämmedowiç Annamämmedowy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirliginiň başlygy wezipelerine belläp, ony Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.


16.08.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty hem-de “OSI Systems” we “S2 Global” kompaniýalarynyň prezidenti Jonatan Flemingi kabul etdi.


15.08.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ita­li­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne gy­nanç bil­dir­di

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow Ita­li­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ser­jo Mat­ta­rel­la Ge­nu­ýa şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky aw­to­mo­bil köp­rü­si­niň ýum­rul­ma­gy ne­ti­je­sin­de köp san­ly adam pi­da­la­ry­na we şi­kes ýet­me­le­ri­ne ge­ti­ren he­läk­çi­lik ze­rar­ly gy­nanç ha­ty­ny iber­di.


15.08.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ara­syn­da­ky du­şu­şyk

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň So­çi şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy, bu ýer­de mil­li Li­de­ri­miz bi­len Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­ti­niň du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Aş­ga­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy ýur­du­my­zyň res­mi adam­la­ry ug­rat­dy­lar.


15.08.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sa­pa­ry bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň So­çi şä­he­ri­ne ug­ra­ma­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da türk­men paý­tag­ty­nyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de ýur­du­my­zyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry­nyň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da mas­la­hat ge­çir­di.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter