Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

28.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.


27.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamadyň arasynda gepleşikler geçirildi. Belent mertebeli myhman düýn ýurdumyza resmi sapar bilen geldi.


27.10.2019 | Hormatly Malaýziýanyň Premýer-ministri Tun doktor Mahathir Mohamadyň Türkmenistana resmi sapary mynasybetli Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda bilelikdäki beýannama

1. Onuň Alyhezreti, hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Onuň Alyhezreti, hormatly Malaýziýanyň Premýer-ministri Tun doktor Mahathir Mohamad 2019-njy ýylyň 26 — 28-nji oktýabrynda Türkmenistana resmi sapary amala aşyrdy.


26.10.2019 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Meredow Myratgeldi Resulowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.


26.10.2019 | Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamad resmi sapar bilen Aşgabada geldi

Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamad resmi sapar bilen türkmen paýtagtyna geldi. 27-nji oktýabrda Aşgabatda ýokary derejede türkmen-malaýziýa gepleşikleri geçiriler, onuň netijeleri boýunça döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi bermäge we iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän özara hereketiň mümkinçiliklerini oňaýly durmuşa geçirmäge ýardam etmäge niýetlenen resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär.


26.10.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine birnäçe resminamalaryň taslamalary, şeýle hem döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri girizildi.


25.10.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII Sammitine gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baku şäherinde geçirilýän Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň XVIII Sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.


25.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň XVIII sammitinde eden çykyşy

Ilki bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti, hormatly Ilham Geýdarowiç Aliýewe şu forumyň ýokary derejede guralandygy, görkezilen myhmansöýerlik we mähirli garşylandyklary, ysnyşykly hyzmatdaşlyk we netijeli gatnaşyklar ýagdaýynyň döredilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!


24.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary tamamlandy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 21 — 23-nji oktýabrda Ýaponiýa bolan iş sapary iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň ýolunda netijeli ädim boldy, muňa saparyň baý mazmunly, öz içine möhüm duşuşyklary alýan maksatnamasy hem aýdyň şaýatlyk edýär.


22.10.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň şu güni dürli möhüm wakalara baý boldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter