Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

02.10.2018 | ABŞ-na iş sapary tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabada gaýdyp geldi

Şu gün hormatly Prezidentimiziň uçary Nýu-Ýork şäherinden köp sagatlyk uçuşy amala aşyryp, türkmen paýtagtynyň Halkara howa menzilinde gondy, bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar, olar milli Liderimizi ABŞ-a amala aşyran üstünlikli sapary bilen gutladylar.


02.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo ýurduň Sulawesi adasynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitremesi we sunami zerarly gynanç hatyny iberdi.


02.10.2018 | «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XII halkara kitap sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahata gatnaşyjylara

Sizi Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabatda geçirilýän «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


01.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatyna gatnaşmak üçin ABŞ-da iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.


01.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Oxbow» kompaniýasynyň baştutanyny kabul etdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň işine gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün öz kabulhanasynda “Oxbow” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Uilýam Koh bilen duşuşdy.


01.10.2018 | Türkmenistanda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň günleri başlandy

Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda (HGI) Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň günleriniň açylyş dabarasy boldy.


01.10.2018 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de halkyna

Sizi dünýä bileleşigi bilen birlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde hem giňden bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!


30.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «John Deere» kompaniýasynyň wekilini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “John Deere” amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny — Ýewropada, GDA we Aziýa ýurtlarynda we Afrikada oba hojalyk we bag-seýilgäh tehnikalary bölüminiň prezidenti Mark fon Pentsy kabul etdi.


30.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Boeing» kompaniýasynyň wekilini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-da bolmagynyň çäklerinde şu gün “Boeing” kompaniýasynyň halkara satyşlar boýunça direktory Braýan Loppy kabul etdi.


30.09.2018 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärlerine

Sizi Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter