Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

20.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täjik paýtagtynda geçirilýän “Durnukly ösüş üçin suw ” atly ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşmagynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.


20.06.2018 | Türkmenistanda BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi maliýeleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi. Ony ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermegi bilen Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ösüş maksatnamasy (BMGÖM) guradylar.


20.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Durnukly ösüş üçin suw” ýokary derejeli halkara maslahatynda eden çykyşy

Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine we Birleşen Milletler Guramasyna bu maslahata gatnaşmaga çakylyk, bildirilen myhmansöýerlik hem-de forumy geçirmek üçin döredilýän ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!


20.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň baştutany bilen duşuşdy

“Durnukly ösüş üçin suw” atly ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün bu ýerde Owganystan Yslam Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň Baştutany Abdulla Abdulla bilen duşuşdy.


20.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Durnukly ösüş üçin suw” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn bilen duşuşdy.


20.06.2018 | «Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi maliýeleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahata gatnaşyjylara

Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly dostlar!


19.06.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli maslahata gatnaşar

Şu gün — 20-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugraýar. Milli Liderimiz şol ýerde BMG-niň yglan eden «Durnukly ösüş üçin suw, 2018 — 2028-nji ýyllar» atly hereketleriň onýyllygyna bagyşlanyp, Duşenbe şäherinde geçiriljek ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşar.


18.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň imperatory Akihito hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Osaka prefekturasynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.


18.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri hem-de paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy.


18.06.2018 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň adalat edaralarynyň işgärlerine

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde bellenilýän Adalat edaralarynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter