Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

07.09.2018 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygynyň orunbasary Şamuhammet Seýitliýewiç Nepesowyň üstüne ýüklenildi.


07.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Allagulyýew P.H. hakynda

Allagulyýew Polat Hemraýewiçi, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.


06.09.2018 | «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara

Sizi «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


05.09.2018 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň 2018-nji ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Ýaragly Güýçleriň ýakyn geljek üçin işiniň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.


05.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Ahal prokuroryny wezipesinden boşatdy we wezipä belledi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen:


05.09.2018 | Döwlet Baştutany prokuratura ulgamynda wezipä belledi we wezipeden boşatdy

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen:


05.09.2018 | Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda ata Watanymyz, mähriban halkymyz berkarar döwletimiziň taryhynda uly we möhüm waka öwrüljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygynyň toýuna uly üstünlikler, ýokary ruhubelentlik bilen barýar. Berkararlygyň we bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan baş baýramymyzyň şanyna Garaşsyz, Bitarap döwletimizde gazanylýan üstünliklere egsilmez buýsanç duýgularyny has-da pugtalandyrýan aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär.


04.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň täze gurluşyklarynda işleriň barşy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça dikuçarda paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, şäheriň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Milli Liderimiz uçuşyň dowamynda paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn üns berdi.


31.08.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da Pre­zi­dent mak­sat­na­ma­la­ry­ny hem-de ka­bul edi­len beý­le­ki yk­dy­sa­dy we dur­muş mak­sat­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň bar­şy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy. Şeý­le hem mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len içe­ri sy­ýa­sa­tyň wa­jyp we­zi­pe­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.


31.08.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Per­ma­ny T.A.Ata­ýew ha­kyn­da

Türk­me­nis­ta­nyň Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­syn­da­ky (Ber­lin şä­he­ri) Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Toý­ly Aman­mu­ham­me­do­wiç Ata­ýe­wi şol bir wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­ni­ýa Pa­ty­şa­ly­gyn­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si we­zi­pe­si­ne bel­le­me­li.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter