Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

04.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary hem-de Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy.


04.06.2018 | Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Argentina Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rikardo Ernesto Lagoriodan ynanç hatyny kabul etdi.


04.06.2018 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Perhat Aýmämmedowiç Kowusow Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.


03.06.2018 | Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky köptaraply gatnaşyklary, şol sanda medeni aragatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýändigiňiz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmäge rugsat ediň.


03.06.2018 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi halkara derejede bütin dünýäde, şeýle hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ilkinji gezek giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


02.06.2018 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Begenç Hojagulyýewiç Goçmollaýew Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


02.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.


02.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 2-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.


02.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Welosipedçileriň halkara bileleşiginiň (UCI) adyndan Türkmenistany Bütindünýä welosiped gününi geçirmek baradaky başlangyçda eýeleýän öňdebaryjy orny bilen gutlaýaryn hem-de 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek baradaky Kararnamany kabul etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleriniň 193-sini birleşdirmek ugrunda geçirilen diplomatik işiň gerimine ýokary baha berýändigimi beýan edýärin.


01.06.2018 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna

Sizi tomus paslynyň ajaýyp günlerinde giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuňňur many-mazmunyny, aýratyn hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary döredijilik ruhuny özünde jemleýän bu halkara güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň eziz Watanymyzyň ýaş nesillerine buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter