Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

02.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 2-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.


02.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Welosipedçileriň halkara bileleşiginiň (UCI) adyndan Türkmenistany Bütindünýä welosiped gününi geçirmek baradaky başlangyçda eýeleýän öňdebaryjy orny bilen gutlaýaryn hem-de 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek baradaky Kararnamany kabul etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleriniň 193-sini birleşdirmek ugrunda geçirilen diplomatik işiň gerimine ýokary baha berýändigimi beýan edýärin.


01.06.2018 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna

Sizi tomus paslynyň ajaýyp günlerinde giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuňňur many-mazmunyny, aýratyn hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary döredijilik ruhuny özünde jemleýän bu halkara güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň eziz Watanymyzyň ýaş nesillerine buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.


31.05.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamasyny we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine degişli meýilnamalary ýerine ýetirmegiň barşy, şeýle hem halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatynyň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.


31.05.2018 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýagmur Bäşimowiç Turşekow Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.


31.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany G.Elýasow hakynda


30.05.2018 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda geçiren işleriniň netijelerine garaldy, şeýle hem olaryň işini has-da kämilleşdirmek boýunça wezipeler kesgitlenildi.


30.05.2018 | Türkmenistanda ÝHHG-niň sebit maslahaty geçýär

Paýtagtymyzda “Degişli dolandyryş we ykdysady özara baglanyşyk — ÝHHG-niň sebitinde öňdebaryjy amalyýet” atly ministrler derejesindäki sebit maslahaty öz işine başlady. Oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň hem-de ÝHHG-ä agza döwletleriň wekilleri gatnaşdylar.


30.05.2018 | Parlamentara Birleşigiň wekiliýetiniň sapary

Mejlisde Parlamentara Birleşigiň Baş sekretary Martin Çungongyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza iş sapary bilen gelen Parlamentara Birleşigiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.


30.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter