Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

30.09.2018 | Türkmen wekiliýeti BMG-de suwdan peýdalanmak boýunça iş maslahatyna gatnaşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň edara binasynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň çäklerinde “Ählumumy bähbitler ugrunda suwdan peýdalanmak: ýapyk deňizler babatda Durnukly ösüş maksatlaryna esaslanyp, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi” diýen iş maslahaty geçirildi. Ol şeýle hem Araly halas etmegiň meselelerine bagyşlandy.


30.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda çykyş etdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň işine gatnaşdy.


30.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-NIŇ Baş sekretary bilen duşuşygy

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatyna gatnaşmak üçin ABŞ-da iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşdy.


30.09.2018 | Aşgabatda Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisiniň çäginde geçirilýän çäreler badalga aldy

Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň (Asia-Pacific Broadcasting Union-ABU) 55-nji mejlisiniň çäklerinde geçýän ýöriteleşdirilen serginiň we birnäçe beýleki çäreleriň açylyşy boldy.


30.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşy

Ozaly bilen, hanym Mariýa Fernanda Espinos Garsesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlamaga hem-de oňa jogapkärli işinde üstünlikler arzuw etmäge rugsat ediň.


28.09.2018 | Hormatly Prezidentimiziň Nýu-Ýorka BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisine iş sapary başlanýar

29-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen ugraýar.


28.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz, Awstraliýanyň Hökümetiniň, halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.


28.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Olimpiýa stadionynda geçirilen dabaralara gatnaşdy

28-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň stadionynda nurana we ajaýyp baýramçylyk bolan ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli giň möçberli sahnalaşdyrylan çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.


27.09.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan da­ba­ra­ly baý­ram­çy­lyk ýö­ri­şi­niň öňü­sy­ra­syn­da paý­tag­ty­my­zyň baş meý­da­nyn­da­ky döw­let mün­be­ri­niň bi­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gys­ga mej­li­si­ni ge­çir­di.


27.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow öz egin­deş­le­rin­den — Mej­li­siň Baş­ly­gyn­dan, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ryn­dan, ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ryn­dan, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­le­rin­den ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li gut­lag­la­ry ka­bul et­di.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter