Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

27.09.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan da­ba­ra­ly baý­ram­çy­lyk ýö­ri­şi­niň öňü­sy­ra­syn­da paý­tag­ty­my­zyň baş meý­da­nyn­da­ky döw­let mün­be­ri­niň bi­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gys­ga mej­li­si­ni ge­çir­di.


27.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow öz egin­deş­le­rin­den — Mej­li­siň Baş­ly­gyn­dan, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ryn­dan, ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ryn­dan, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­le­rin­den ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li gut­lag­la­ry ka­bul et­di.


27.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün türk­me­nis­tan­ly­lar özü­niň esa­sy mil­li baý­ra­my bo­lan Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­ni bel­le­ýär.


27.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

Onuň Aly­hez­re­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç! Türk­me­nis­ta­nyň mil­li baý­ra­my — Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den çyk­ýan gut­lag­la­ry­my ka­bul ediň!


27.09.2018 | Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türkmenistanyň halkyna

Si­zi Türk­me­nis­ta­nyň mil­li baý­ra­my — tä­ze se­ne­na­ma­my­za la­ýyk­lyk­da «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» diý­lip yg­lan edi­len 2018-nji ýy­lyň 27-nji sent­ýab­ryn­da il­kin­ji ge­zek giň­den bel­len­ýän Ga­raş­syz­lyk gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn! Ga­raş­syz­lyk ber­ka­rar­ly­gy­my­zyň, ag­zy­bir­li­gi­mi­ziň we je­bis­li­gi­mi­ziň berk bin­ýa­dy­dyr.


26.09.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Rö­ne­sans Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di

Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rö­ne­sans Hol­ding” türk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Er­man Yly­ja­gy ka­bul et­di.


26.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna daşary ýurtlardan gutlag hatlary gelip gowuşýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna daşary ýurtlardan gutlag hatlary gelip gowuşýar


26.09.2018 | Pygy Baýramdurdyýew Türkmenistanyň “Galkynyş” ordeni bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň çeper-döredijilik bölüminiň baş režissýory Pygy Hojamuhammedowiç Baýramdurdyýew “Galkynyş” ordeni bilen sylaglandy.


26.09.2018 | Ýurdumyzyň raýatlarynyň toparyna «Hormatly il ýaşulysy» ady dakyldy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar. Mukaddes Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylaýan Bitarap Watanymyzyň her bir güni şanly wakalar bilen dabaralanýar. Agzybirligiň, jebisligiň, parahat hem-de abadan durmuşyň mekany bolan berkarar döwletimiz dünýäde dost-doganlyk we parahatçylyk söýüjilik daşary syýasaty bilen uly abraýa eýe bolýar.


26.09.2018 | Türkmen halkynyň tapawutlanan zenanlary «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglandy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda buýsandyryjy netijeler gazanylýar. Eziz Diýarymyzyň her bir güni zähmet ýeňişlerine beslenip, Garaşsyz Watanymyzy ýokary depginler bilen ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Geçirilýän bu beýik işlere zenanlarymyz hem işjeň gatnaşýarlar. Olar ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekmek bilen, berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylaýarlar. Agzybir jemgyýetimizde jebisligi has-da berkitmäge saldamly goşant goşýarlar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter