Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

31.07.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi.


31.07.2018 | Ow­gan ila­ty türk­men Li­de­ri­ne ho­şal­lyk bil­dir­ýär

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady­na Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Bat­hyz we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi Ab­dul Ga­fur Ma­lik­zaý­dan hat ge­lip go­wuş­dy. Ol öz ha­tyn­da Ra­bat­ka­şaň — Ka­laý­nau elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­myň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len bag­ly de­mir­ga­zyk se­bi­tiň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň adyn­dan türk­men Li­de­ri­ne tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di.


31.07.2018 | Res­mi ha­bar­lar

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän il-ýurt bäh­bit­li tu­tum­ly iş­le­riň tä­ze dö­re­dil­ýän ki­nos­se­na­ri­ler­de, pýe­sa­lar­da, ro­man­lar­da, po­west­ler­de, iri göw­rüm­li poe­ma­lar­da çe­per be­ýan edi­li­şi­ni hem-de ola­ryň kä­mil ma­ny-maz­mun­ly bol­ma­gy­ny ga­zan­mak, dün­ýä­niň ta­ry­hyn­da mü­di­mi­lik yz gal­dy­ran be­ýik şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň buý­sanç­ly keş­bi­ni ebe­di­leş­dir­mek, ýur­du­my­zyň ilat­ly ýer­le­ri­niň ru­hy-me­de­ni keş­bi­ni has-da gö­zel­leş­dir­mek, şeý­le hem gel­jek­de ýur­du­my­zyň paý­tag­tyn­da we we­la­ýat­la­ryn­da go­ýul­jak heý­kel­le­ri, ýer­leş­di­ril­jek port­ret­le­ri se­çip al­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da:


31.07.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň PER­MA­NY A.B.Işa­now ha­kyn­da

Aman­dur­dy Bek­dur­dy­ýe­wiç Işa­no­wy Türk­me­nis­ta­nyň söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nist­ri we­zi­pe­si­ne bel­läp, ony Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­sin­den bo­şat­ma­ly.


31.07.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň PER­MA­NY B.Ş.Ça­ry­ýe­w ha­kyn­da

Be­genç Şa­dur­dy­ýe­wiç Ça­ry­ýe­wi Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne bel­le­me­li.


30.07.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşykda nobatdaky wideoşekilli maslahaty geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.


27.07.2018 | Res­mi ha­bar

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ka­ra­ry bi­len, Yl­ýas Ak­mu­ham­me­do­wiç Ga­ýy­pow Türk­me­nis­ta­nyň Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da­ky (Ma­şat şä­he­ri) Baş kon­su­ly we­zi­pe­si­ne bel­le­nil­di.


27.07.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Permanlara gol çekdi

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň PER­MA­NY P.H.Dur­dy­ýew ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­syn­da­ky (Nýu-De­li şä­he­ri) Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Pa­ra­hat Hom­ma­do­wiç Dur­dy­ýe­wi şol bir wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň Ne­pal Fe­de­ra­tiw De­mok­ra­tik Res­pub­li­ka­syn­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si we­zi­pe­si­ne bel­le­me­li.


27.07.2018 | Türkmenistan dünýä bileleşiginiň wezipelerini çözmegiň ýolunda

Iýul aýynyň başynda BMG-niň ştab-kwartirasynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli Syýasy forumyň geçirilmeginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde hünärmenleriň arasynda Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlarynyň ýurdumyzda milli derejede nähili uýgunlaşýandygy barada pikir alyşmalar boldy.


26.07.2018 | Türkmenistan Owganystanyň parahatçylykly ösüşine goşandyny artdyrýar

Türkmen-owgan dostlugynyň ýylýazgysyna nobatdaky şöhratly sahypa ýazyldy. Rabatkaşan — Kalaýnau täze elektrik geçirijisi ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti täze elektrik geçirijisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Wekiliýetiň düzüminde degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter