Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

11.05.2018 | Resmi habar

Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.


10.05.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söweşjeň baýdaklary gowşurdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň, Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmeleriniň baýdaklaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.


09.05.2018 | Daşary ýurt liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňiş Baýramy bilen gutlaýarlar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


09.05.2018 | Garaşsyz, hemişelik BitarapTürkmenistanyň halkyna

Eziz halkym! Hormatly uruş weteranlary! Sizi dünýä taryhynda aýratyn orun tutýan şanly sene — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuň many-mazmunyny özünde jemleýär, halklaryň agzybirligini hem-de jebisligini alamatlandyrýar.


08.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz, Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 73 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli meniň gutlaglarymy kabul ediň!


08.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow D.A.Medwedewi Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.


07.05.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ni gut­la­dy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Wla­di­mir Pu­ti­ni Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne gi­riş­me­gi bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.


07.05.2018 | Resmi habar

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň se­na­gat pu­da­gyn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­ri we tä­ze­lik­le­ri giň­den ýaý­rat­mak, halk köp­çü­li­gi­ne öz wag­tyn­da we ta­la­ba­la­ýyk ýe­tir­mek hem-de se­na­gat pu­da­gy­nyň kä­mil­leş­di­ri­li­şi­ni yzy­gi­der­li be­ýan et­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di.


07.05.2018 | Resmi habar

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ka­ra­ry bi­len, Aşyr­mäm­me­dow Dur­dy Sa­par­mäm­me­do­wiç iş­de goý­be­ren düýp­li kem­çi­lik­le­ri üçin, “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry we­zi­pe­sin­den bo­şa­dyl­dy.


04.05.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň käbir meselelerine hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň barşyna garaldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter