Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

26.04.2018 | Resmi habarlar

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we atşynaslyk sungatyny ösdürmek, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri atçylyk pudagyna giňden ornaşdyrmak hem-de atşynaslaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek maksady bilen, şeýle hem assosiasiýanyň müdiriýetiniň teswirnamasyna laýyklykda, assosiasiýanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi.


26.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisinde eden çykyşy

Hormatly Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary! Hanymlar we jenaplar! Gadyrly myhmanlar! Şu gün gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky VIII mejlisini geçirýäris. Güneşli türkmen topragyna — şöhraty äleme dolan behişdi ahalteke bedewleriniň Watanyna hoş geldiňiz!


26.04.2018 | Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň hukuk gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy

Paýtagtymyzda Daşary işler ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan guralan Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň mejlisi tamamlandy.


26.04.2018 | Türkmenistanda Wýetnamyň ilçisi işe başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ngo Dyk Mandan ynanç hatyny kabul etdi.


26.04.2018 | Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän halkara sergi-ýarmarka hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly X halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

Sizi ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän halkara sergi-ýarmarkanyň açylmagy hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly X halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


24.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy. Ikinji günüň maksatnamasy Ürgenç şäherindäki Türkmen-özbek dostluk öýüniň açylyş dabarasyny, şeýle hem Hywa şäherindäki taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna barlyp görülmegini öz içine aldy.


23.04.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.


23.04.2018 | Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

Paýtagtymyzda Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşýarlar.


22.04.2018 | Türkmen-özbek gatnaşyklary ösüşiň täze belentliklerine çykýar

23-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlanýar.


22.04.2018 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ogulmaýsa Annamyradowna Allaberdiýewa “Edebiýat we sungat” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary wezipesine bellenildi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter