Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

25.05.2019 | «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly sergi geçirildi

Paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara sergi geçirildi. Ol şähergurluşygy babatda ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem bu ugurda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny görkezdi.


25.05.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 50-si hasaba alyndy.


22.05.2019 | Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi işiniň jemlerini jemledi

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gaz pudagynda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlän we geljekde bilelikdäki meýilnamalaryň utgaşdyrylmagyny şertlendiren X Halkara gaz kongresi öz işini tamamlady.


19.05.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 63-si hasaba alyndy.


17.05.2019 | Täze döwrebap ýyladyşhana toplumy açyldy

Şu gün, giňden bellenilýän umumymilli baýramçylygyň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gozgan geňeşliginiň çäginde häzirki zaman ölçeglerine kybap gelýän derejede gurlan täze ýyladyşhananyň açylyşy boldy.


17.05.2019 | Mary welaýatynyň ýüpekçileri pile taýýarlamak boýunça meýilnamany ýerine ýetirdiler

Şu gün Mary welaýatynyň zähmetsöýer ýüpekçileri pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, döwletimiziň pile harmanyna ýokary hilli çig malyň 430 tonnadan gowragyny tabşyrdylar.


16.05.2019 | Aşgabatda pudaklaýyn sergi we halkara ylmy maslahat geçirildi

Şu gün ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda oba hojalygynyň gazananlarynyň sergisi hem-de «Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.


16.05.2019 | Lebap welaýatynyň ýüpekçileri meýilnamany ýerine ýetirdiler

Şu gün Lebap welaýatynyň ýüpekçileri pile tabşyrmak boýunça döwlet borçnamasyny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Ýüpekçileriň birleşen tagallasy bilen kabul ediş bölümlerine dokma senagaty üçin ýokary hilli çig malyň 960 tonnadan gowragy tabşyryldy.


15.05.2019 | Ahal welaýatynyň ýüpekçileriniň zähmet üstünligi

Ahal welaýatynyň pileçi kärendeçileri 156 tonnadan gowrak pile öndürip, ýurdumyzda ilkinji bolup şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi barada habar berdiler. Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda şu welaýatyň häkimi habar berdi.


15.05.2019 | GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara geňeşiniň mejlisi

Şu gün paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky, 22-nji mejlisi geçirildi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter