Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

07.07.2018 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.


05.07.2018 | “Maliýe we ykdysadyýet” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda esaslandyrylan hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnalynyň üçünji sany çapdan çykdy.


28.06.2018 | 1 million tonna türkmen gallasy taýýar!

Türkmenistanyň gallaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar — ýurdumyzyň galla kabul ediş bölümlerine 1 million tonnadan gowrak bugdaý gelip gowuşdy. Ýetilen sepgit gallaçylaryň esasy wezipesiniň - ösdürilip ýetişdirilen galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak wezipesiniň hötdesinden abraý bilen geljekdiklerine ynam döredýär.


26.06.2018 | «Söwda we hyzmat — 2018» atly sergi-ýarmarka

Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Söwda we hyzmat — 2018” atly sergi-ýarmarka açyldy. Ol ýurdumyzda haryt bolçulygyny yzygiderli artdyrmak we hyzmatlar ulgamynda gazanylan üstünlikleri hem-de bu ulgamlaryň geljekki ösüşini görkezmelidir.


25.06.2018 | Galla oragynyň depginleri: Mary welaýaty

Mary welaýatynyň gallaçylary 25-nji iýundaky ýagdaýa görä, 265 müň tonna golaý bugdaý taýýarladylar. Döwlet buýurmasy 70 göterime golaý berjaý edildi.


23.06.2018 | Galla oragynyň depginleri: Lebap welaýaty

Amyderýa jülgesinde bugdaý oragy güýçli depginler bilen dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň, şol sanda Lebap welaýatynyň oba hojalygynyň mehanizasiýa derejesini ýokarlandyrmak baradaky yzygiderli aladalary netijesinde möwsüme başlamagyň öňüsyrasynda gündogar sebitiň däne ýygyjy kombaýnlarynyň üsti täze tehnikalar bilen artdyryldy.


23.06.2018 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.


22.06.2018 | Galla oragynyň depginleri: Daşoguz welaýaty

Daşoguz welaýatynda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça meýilnamanyň irgözinden taýýarlanmagy tutuş orak möwsüminiň anyk işini we kuwwatly tehnikalaryň netijeli peýdalanylmagyny üpjün etdi.


21.06.2018 | Galla oragynyň depginleri: Balkan welaýaty

13-nji iýunda galla oragyna goşulan Balkan welaýatynda häzire çenli gallanyň 33 müň 500 tonnadan gowragy oruldy, dänelik ekin üçin bölünip berlen oba hojalyk ýerleriniň dörtden üç böleginden gowragy ýygnaldy. Bu ýerde bugdaý ekilen meýdan 57 müň gektar ýeri eýeleýär. Şu ýyl günbatar sebitiň gallaçylary dänäniň 120 müň tonnasyny ýygnamaga borçlandylar.


19.06.2018 | Galla oragynyň depginleri: Mary welaýaty

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda galla oragynyň depgini barha güýçlenýär. Galla meýdanlarynda gije-gündiziň dowamynda tutanýerli zähmet gaýnap joşýar. Türkmen ekerançylary ýetişdirilen hasyly öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak hyjuwynda joşýarlar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter