Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

02.03.2018 | Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depginleri ýanwar-fewral aýlarynda 6,2 göterime deň boldy

Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde habar berlişi ýaly, 2018-nji ýylyň iki aýynda JIÖ-niň ösüş depgini 6,2 göterime, şol sanda senagat pudagynda 4,8 göterim, ulag we aragatnaşyk toplumynda 10,4 göterim, söwdada - 8,4 göterim, oba hojalygynda - 3,4 göterim we hyzmatlar ulgamynda - 10,1 göterim ýokarlandy.


02.03.2018 | Döwlet Baştutanymyz guşçulyk pudagynyň ösdürilmegine gönükdirilen resminama gol çekdi

Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen önümleri öndürijileri döwlet tarapyndan goldamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek, ýurdumyzyň guşçulyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerine getirilende harytlaryň käbir görnüşleri gümrük paçlaryndan boşadyldy.


01.03.2018 | Aş­ga­bat­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň önüm­le­ri­niň ser­gi­si açyl­dy

Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň bi­na­syn­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň XIV ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si açyl­dy. Paý­tag­ty­myz­da her ýyl ge­çi­ril­ýän eý­ran ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­ri­niň ga­za­nan­la­ry­ny gör­kez­ýän bu çä­re asyl­ly dä­be öw­rül­di, ol iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni aç­ma­ga, gel­jek­ki ösüş ugur­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge, iki goň­şy ýur­duň işe­wür to­par­la­ry­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär.


01.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisine we türkmen-eýran işewürler maslahatyna gatnaşyjylara gutlagyny iberdi

Si­zi Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň XIV ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si­niň we türk­men-eý­ran işe­wür­ler mas­la­ha­ty­nyň öz işi­ne baş­la­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” diý­lip at­lan­dy­ry­lan ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­ýän bu çä­re­le­riň köp­ta­rap­ly türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ry­ny, söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da gi­ňelt­mä­ge uly iter­gi ber­jek­di­gi­ne berk ynan­ýa­ryn.


28.02.2018 | “Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnalynyň ilkinji sany çapdan çykdy

“Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnalynyň ilkinji sany çapdan çykdy. Ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen täze neşiriň esaslandyryjysy bolup durýar.


24.02.2018 | Nebitiň we pagtanyň gaýtadan işlenen önümleri DHÇMB söwdalarynyň esasy harydy boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy.


23.02.2018 | Serhetabat-Turgundy täze türkmen-owgan demir ýoly boýunça otlylaryň hereketi açyldy

Şu gün TOPH gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Serhetabat-Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi.


22.02.2018 | TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy bo­ýun­ça Ýol­baş­çy ko­mi­te­tiň mej­li­si

Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zin­de­ Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy bo­ýun­ça Ýol­baş­çy ko­mi­te­tiň 25-nji mej­li­si ge­çi­ril­di, oňa tas­la­ma gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň, şeý­le hem Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň ýo­ka­ry we­zi­pe­li ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.


20.02.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: obasenagat toplumy

Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hy­na röw­şen sa­hy­pa bo­lup gi­ren 2017-nji ýyl köp san­ly mö­hüm wa­ka­la­ra baý bol­dy. «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018 — 2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy» ka­bul edil­di. Şol mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, oba­se­na­gat önüm­çi­li­gin­de hem hil taý­dan ok­gun­ly ösüş ga­zan­ma­ly, ýur­du­my­zyň je­mi içer­ki önü­min­de oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň pa­ýy­ny ep-es­li art­dyr­ma­ly.


17.02.2018 | Nebit we pagtanyň gaýtadan işlenen önümleri birža söwdalarynyň esasy harydy boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter