Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

22.06.2017 | Söwda ulgamyna ýurdumyzda öndürilen LED-lampalarynyň ilkinji müňlerçesi gelip gowuşdy

Senagat ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýardam bermeginde döredilen “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri dürmuş we senagat otaglary üçin ýagtylandyryjy diotly yşyklandyryjylar bolan LED-lampalarynyň iki milliona golaýyny öndürdiler. Ýurdumyzyň bazarlaryna hem-de ýöriteleşdirilen söwda kärhanalarynyň tekjelerine Watanymyzda öndürilen ýagtylandyryjy elektron abzallarynyň müňlerçesi ilkinji gezek gelip gowuşdy.


21.06.2017 | “Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy-2017” atly köpugurly sergi öz işini tamamlady

Şu gün paýtagtymyzda Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilýän “Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy-2017” atly köpugurly sergi öz işini tamamlady.


20.06.2017 | Köpugurly sergide türkmen bazarynyň geljegi görkezildi

Paýtagtymyzda Söwda-senagat edarasynyň guramagynda “Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy-2017” atly köpugurly sergi açyldy. Sergi türkmen bazarynyň geljeginiň uludygyny doly derejede görkezýär.


20.06.2017 | BMG-niň bilermenleri Durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmakda Türkmenistanyň ösüşine ýokary baha berýärler

Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleriniň hem-de Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenleriniň duşuşygy geçirildi. Ol Durnukly ösüşiň maksatlarynyň durmuş görkezijilerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.


17.06.2017 | Geçen hepdede TDHÇB-nyň söwdalarynda ABŞ-nyň 32 million 186 müň dollaryndan gowrak möçberde geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy.


16.06.2017 | Türkmenistanyň Merkezi banky we GFR-iň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasy Ähtnama gol çekdiler

Berlinde Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi. Resminama maliýe ulgamyny berkitmek hem-de bank ulgamynyň hünärmenlerini okatmak babatda deňhukukly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.


16.06.2017 | Türkmenistanda bugdaý hasylynyň dörtden bir bölegi ýygnaldy

Türkmenistanyň ýer eýeleri 16-njy iýuna çenli bugdaý öndürmek boýunça döwlet buýurmasyny 25 göterim ýerine ýetirdiler. Bu barada hökümetiň mejlisinde oba hojalyk meseleleri boýunça wise-premýer E. Orazgeldiýew habar berdi.


15.06.2017 | Press-reliz: Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşi Türkmenistan bilen 2017-nji ýyl üçin maslahaty tamamlady

Halkara pul gaznasy şu gün Türkmenistan bilen 2017-nji ýylyň maslahatynyň jemleri boýunça maglumatlary ýaýratdy.


14.06.2017 | Daşoguz welaýatynyň gallaçylary orak möwsümine girişdiler

Ýurdumyz boýunça depgini günsaýyn ýokarlanýan galla oragyna şu gün Daşoguz welaýatynyň daýhanlary hem girişdiler. Daşoguz welaýatynda galla oragyna başlamak hormatyna Görogly etrabynyň “Aksaraý” daýhan birleşiginiň gallaçylary mynasyp boldular. Ýaşulular asyrlaryň dowamynda emele gelen asylly däbe görä Beýik biribardan galla oragynyň üstünlikli geçirilmegini dileg etdiler. Soňra olar ýaş nesliň gowşuran oraklaryny alyp, “Harmanyňyza bereket, çäjiňize bereket!” diýen sözler bilen oraga ak pata berdiler hem-de nobaty kombaýnçylara geçirdiler.


10.06.2017 | EKSPO-2017-de milli sergi bolümimiziň düýp özeni – energetika pudagynda innowasion taslamalar

Türkmen sergisi EKSPO-2017-de meýdany boýunça iň ulularynyň biridir. Onuň çeperçilik bezegi türkmen medeni mirasynyň keşbine öwrülen tanalýan gölleri bilen milli nyşanlar astynda gurnalypdyr.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter