Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

12.04.2017 | “Serdar” kärhanasynda açylan täze bölüm her ýyl işilen nah ýüplügiň 1300 tonnasyny öndürmäge niýetlenendir

Kaka etrabyndaky “Serdar” nah ý1üplük kärhanasynda açylan täze bölümi her ýylda işilen nah ýüplügiň 1300 tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.


11.04.2017 | “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Döwlet ministriniň – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Gurbandurdyýewiç Arçaýewiň üstüne ýüklenildi.


10.04.2017 | "Türkmenistanyň salgyt ulgamy" žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

5-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň şu ýylyň 1-nji çärýeginiň netijelerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady ulgamyny mundan beýläk hem özgertmek, önümçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, hususy topluma goldaw bermek we ýurdumyzyň telekeçilerini senagatda innowasion taslamalary amala aşyrmaga çekmek boýunça anyk wezipeleri kesgitledi.


08.04.2017 | Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 45 million 295 müň dollaryna deň boldy

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan gelen telekeçilerTürkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň täjirleri göni arassalanan benzini, awtobenzini, dizel ýangyjyny (SNGIZ) satyn aldylar.


07.04.2017 | Awazada iri sport desgasynyň ulanmaga tabşyrylamgy telekeçiligiň ýokary ösen derejesine şaýatlyk edýär

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda açylan Sport toplumy hususy gurluşyk kompaniýasy tarapyndan bina edildi. Munuň özi ýurdumyzda telekeçiligiň ýokary ösüş derejesinden habar berýär.


06.04.2017 | Türkmenistanyň we Koreýanyň işewür toparlary hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler

Aşgabatda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň işewürler toparlarynyň maslahaty, şeýle hem Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.


05.04.2017 | Ýanwar-mart aýlarynda jemi içerki önümiň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,2 göterime deň boldy

2017-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,2 göterim ýokarlandy. Senagat ulgamynda bu görkeziji 1,8 göterime, gurluşykda 4,4 göterime, ulag-aragatnaşyk toplumynda 10,8 göterime, söwdada 10,4 göterime, oba hojalygynda 3,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 10,8 göterime deň boldy.


05.04.2017 | Oba maksatnamanyň çäklerinde ýanwar-mart aýlarynda ýarym milliard manada golaý maýa goýumlary özleşdirildi

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli maksatnamasyny" ýerine ýetirmegiň çäklerinde 2017-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 484,1 million manatlyk maýa goýumlary özleşdirildi.


05.04.2017 | Türkmenistanyň nebitgaz toplumy we oba hojalygy boýunça täze wise-premýerler bellenildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýagşygeldi Kakaýewi başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumy boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy.


05.04.2017 | Ýylyň birinji çärýeginde senagat önümçiliginiň döwlete degişli bolmadyk ulgamynda depginli ösüş hasaba alyndy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan 2017 –nji ýylyň birinji çärýeginde senagat önümleri 2016-njy ýylyň şol döwründäkiden 32,6 göterim köp, oba hojalyk we azyk önümleri 47 göterim artyk öndürildi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter