Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

06.01.2017 | Garabogazda gurulýan karbamid zawodynyň gurnama işleri geçirilýär

Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge niýetlenen zawod gurulýar. Taslama “türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan “Misubishi Corporation” (Ýaponiýa) we “Gap Inşaat” (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen bilelikde amala aşyrylýar. Gazhimiýa toplumy Daniýanyň “Haldor Topsoe”, Italiýanyň “Saipem”, Niderlandlaryň “Uhde Fertilazer”, ABŞ-nyň “UOP” kompaniýalarynyň döwrebap tehnologiýalary we häzirkizaman enjamlary bilen üpjün ediler.


05.01.2017 | Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak boýunça nobatdaky satuwy yglan etdi

Ykdysadyýetiň döwlete degişli desgalaryny hususylaşdyrmagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hem-de hususy ulgamyň paýyny artdyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi hususylaşdyrmak boýunça nobatdaky satuwy yglan etdi.


03.01.2017 | TNGZT-da polipropilenden pleýonka öndürjek önümçilik bölüminde sazlaýyş işleri alnyp barylýar

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polipropilenden pleýonka öndürjek önümçilik bölüminde sazlaýyş işleri dowam edýär. Ol ýakyn wagtda ulanmaga tabşyrylar. Bu ýerde öndüriljek dürli galyňlykdaky biaksial ugurly polipropilen pleýonkasyna, ilkinji nobatda, azyk öhümlerine niýetlenilen gaplamak üçin serişde hökmünde içerki we dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär.


01.01.2017 | Birža täzelikleri 1-nji Ýanwar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.


30.12.2016 | Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Türkmenabatda, Daşoguzda we Maryda işewürlik toplumlaryny gurýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi sebitleriň dolandyryş merkezlerinde işewürlik toplumlaryny gurýar. Şol toplumlaryň düzümine TSTB-niň welaýat şahamçasynyň edarasy, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň bölümi, dabaralar zaly, işewürlik hem-de söwda-dynç alyş merkezi girýär.


26.12.2016 | 2016-njy ýylda Türkmenistanda umumy bahasy 5 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolan desgalaryň 202-si ulanmaga berildi

2016-njy ýylda Türkmenistanda umumy bahasy 5 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan desgalaryň 202-si ulanmaga berildi.


26.12.2016 | “Türkmenhimiýa” döwlet konserni ýuwujy serişdeleri öndürýän zawody gurar

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni ýuwujy serişdeleri öndürýän zawody gurar. Täze kärhana ýylda 20 müň tonna önümçilik kuwwatyna eýe bolar. Taýýar edip ulanmaga bermek üçin desganyň taslamasyny düzjek we ony bina etjek potratçyny saýlamaga 2017-nji ýylyň 7-nji fewralyna çenli halkara bäsleşik yglan edildi.


25.12.2016 | Birža täzelikleri 25-nji Dekabr

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 63-si hasaba alyndy.


23.12.2016 | Türkmen maldarlary ot-iým taýýarlamak boýunça ýyllyk meýilnamany ýerine ýetirdiler

Oba we suw hojalygy minisrtliginiň hem-de Azyk senagaty döwlet birleşiginiň maldarçylyk hojalyklary ot-iým taýýarlamak boýunça ýyllyk meýilnamany doly möçberde ýerine ýetirdiler.


23.12.2016 | Hususy bölek gant önümçiligini ýola goýýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan “Hyzmatdaşlar” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ýyllyk kuwwaty 120 müň tonna deň bolan gant önümçiligi boýunça zawody gurmak üçin Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda 15 gektar ýer bölünip berildi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter