Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

29.04.2017 | Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 115-si hasaba alyndy

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gonkongdan, Owganystandan, Gazagystandan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we yşyklandyryjy kerosini, awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, polipropileni, binýatlyk ýagy, dizel ýangyjyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjy, nebit koksy, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Owganystanly işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzine isleg bildirdiler. Mundan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Türkiýeden, Owganystandan we Ukrainadan gelen işewürler daşary ýurt puluna nah ýüplügi, aşgarlanmadyk flanel matasyny, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriň giň görnüşini, azyklyk bugdaýy, buýan köküni satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 157 million 427 müň dollaryndan gowrak boldy.


26.04.2017 | Kataryň işewürleri Türkmenistanda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary bilen tanyşdylar

Döwlet daşary ykdysady iş bankynda Katar döwletiniň öňdebaryjylarynyň biri bolan “Al Qamra Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Hamad Saleh Al Kamranyň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyza gelen Dohaşäheriniň wekilçilikli toparynyň agzalary üçin Türkmenistanda amala aşyrylýan milli we halkara ähmiýetli iri maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyşy boldy.


25.04.2017 | Bugdaý oragyna çenli gallaçylar täze kombaýnlary alarlar

Galla oragynyň öň ýanynda Oba we suw hojalyk ministrliginiň düzüm böleklerinde taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Oba hojalyk tehnikasyna we enjamlaryna hyzmat edilýän ähli merkezlerde abatlaýyş – bejeriş çäreleri, ätiýaçlyk şaýlaryny jemlemek işleri geçirilýär, möhüm çäräniň öň ýanyndaky taýýarlyk işleri barlanylýar. «Case», «New Holland», «John Deere», «CLAAS» kompaniýalarynyň hyzmat merkezleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda tehniki hyzmatlar ýerine ýetirilýär.


22.04.2017 | TDHÇMB-da hepdede umumy bahasy 83,4 dollardan gowrak bolan eksport geleşikleri baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.


21.04.2017 | 2017-nji ýylda açylyp ulanylmaga berilmege degişli gurluşyk desgalarynyň sanawy tassyklanyldy

2017-nji ýylda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň sanawyny tassyklandy. Degişli Buýruga hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.


21.04.2017 | “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy türkmen işewürleriniň güýçleri bilen ösdüriler

Şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berilişi ýaly, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan jemi 66 sany iki gatly kottej görnüşli öýleri, suwa düşülýän howuzlary, sport hem-de çagalaryň oýun meýdançalary, jemgyýetçilik iýmiti desgasy bolan bäş sany dynç alyş toplumlaryny gurmak teklip edilýär.


20.04.2017 | Koreýanyň kompaniýalary ýokary tehnologiýalar ulgamynda gazananlaryny Türkmenistana hödürleýär

Aşgabatda türkmen-koreý ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça 2-nji maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistana geldi. Türkmen tarapyndan forumyň işine birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşdylar.


15.04.2017 | Hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň giň görnüşi, azyklyk bugdaý, pagta ýagy, nah ýüplük we mata, nah ýüplügiň galyndylary satyldy. Olary Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 21 million dollaryndan gowrak boldy.


14.04.2017 | Türkmenistan Astanada geçiriljek “EKSPO-2017” taýýarlyk görýär

Türkmenistan “EKSPO-2017” halkara ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Sergi 10-njy iýundan 10-njy sentýabra çenli Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde “Geljegiň energiýasy” şygary astynda geçiriler.


12.04.2017 | Türkmenistanda umumy bahasy ABŞ-nyň 48 milliard dollaryna deň bolan iri desgalaryň 1900-e golaýy gurulýar

Häzirki döwürde ýurdumyzda iri desgalaryň 1900-e golaýynyň gurluşygy alnyp barylýar. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 48 milliard dollaryndan gowrakdyr. Olaryň 1790-ny ýurdumyzyň kärhanalary gurýarlar.


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter