Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

14.12.2016 | Türkmen-amerikan işewür hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýoly bilen

Şu gün türkmen paýtagtynda “Türkmenistan-ABŞ” Işewürlik geňeşiniň wekilleriniň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň birnäçe kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň, önümçilik düzümleriniň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda işewür duşuşyk geçirildi. Onuň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy.


14.12.2016 | Azyk bolçulygyny üpjün etmegiň meseleleri çözülýär

Şu gün ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň merkezinde gök önümleriň bir wagtda 3 müň tonnasyny saklamaga niýetlenen sowadyjy ammar ulanylmaga berildi. Bu täze desga hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilaty özümizde öndürilýän oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli amala aşyrmak üçin welaýatyň azyk senagaty düzümini döwrebaplaşdyrmakda nobatdaky ädim boldy.


14.12.2016 | Aşgabat-Kazan: türkmen uçarmanlarynyň täze ugry

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň “Türkmenistan” howa kärhanasy Aşgabat-Kazan ugry boýunça ilkinji ýolagçy gatnawyny ýerine ýetirdi. T5-733 belgili ugur bilen Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) paýtagtynyň arasynda yzygiderli howa gatnawy açyldy. Indi Aşgabatdan Wolga derýasynyň boýundaky şähere hepdäniň 3-7 günleri boýunça häzirki zaman howa ulaglarynda uçup bolar.


11.12.2016 | Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň işjeň çärelerine ýokary baha berdi

Halkra pul gaznasynyň wekiliýeti Türkmenistana nobatdaky saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijeleri bilen tanyşdy. Iri maliýe düzümiň bilermenleri makroykdysady ýagdaýa baha berdiler hem-de döwlet edaralarynyň jogapkär işgärleri we diplomatik bileleşiginiň wekilleri bilen milli syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.


10.12.2016 | Birža täzelikleri 10-njy Dekabr

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy.


08.12.2016 | Nebitgaz ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat, 8-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2016” atly XXI halkara maslahaty hem-de sergisi öz işini dowam etdi. Pudaklaýyn maslahatyň netijelerini jemlemek şu günüň esasy wakasy bolup, oňa daşary ýurtlaryň nebitgaz we hyzmat ediş kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, BAE-niň, Malaýziýanyň hem-de Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


07.12.2016 | Aşgabatda XXI Halkara nebitgaz forumy açyldy

Aşgabat, 7-nji dekabr (TDH). Şu gün ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2016” atly XXI Halkara maslahaty we sergisi açyldy. Ony ýurdumyzyň “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady.


06.12.2016 | Türkmenistanda Halkara nebitgaz forumy açylýar

Her ýyl Aşgabatda şu günler geçirilýän halkara nebitgaz sergisi 7-nji dekabrdan 9-njy dekabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde nobatdaky gezek ýaýbaňlandyrylar. “Türkmennebit” döwlet konserni we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy onuň guramaçylary bolup çykyş edýärler. Ykdysady gözden geçirilişe dünýäniň köp ýurtlaryndan hünärmenler, şol sanda iri işewürligiň, hünär ugurly döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň we banklaryň wekilleri gatnaşar.


03.12.2016 | Aşgabatda pagta önümleriniň sergi-ýarmarkasy we halkara maslahaty açyldy

Aşgabat, 3-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň pagta önümleriniň VI Halkara sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahaty öz işine başlady. Ony ýurdumyzyň Oba we suw hojalyk ministrligi, Döwlet haryt-çig mal biržasy we Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady.


03.12.2016 | Aşgabatda geçirilen sergi-ýarmarkada pagta önümlerini satmak boýunça ABŞ-nyň 30 million dollaryndan gowrak baha deň bolan şertnama baglaşyldy

Şu gün Aşgabatda geçirilen Halkara sergi-ýarmarkasynda pagta önümlerini satmak boýunça umumy bahasy 30 million 321 müň dollara barabar bolan şertnamalar baglaşyldy. Şertnamalary Şweýsariýanyň “Paul Reinhart AG”, “Carvon Commodities LTD”, “Rezana Trading C.A.”, Türkiýäniň “Calik Cotton”, Singapuryň “Olam International LTD” we beýleki kompaniýalar baglaşdylar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter