Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

05.06.2015 | Türkmenistanyň milli hemra aragatnaşyk ulgamy iş ýagdaýyna geçýär

Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýunda bolan mejlisinde Türkmenistanyň milli aragatnaşyk hemra ulgamynyň öz işine başlaýandygy barada habar berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji türkmen hemrasynyň ulanylmagynyň aragatnaşyk hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini hödürlemäge mümkinçilik berjekdigini belläp, degişli ýolbaşçylara aragatnaşyk ulgamynyň kuwwatyndan doly peýdalanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.


03.06.2015 | Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Aşgabat, 3-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi. Mälim bolşy ýaly, 28-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm oba hojalyk işiniň başlanmagyna ak pata berip, babadaýhanlara ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.


31.05.2015 | Birža täzelikleri 31-nji Maý

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.


31.05.2015 | Aşgabatda pudaklaýyn halkara sergi we maslahat geçirildi

Aşgabat, 30-njy maý (TDH). Şu gün ýurdumyzda giňden bellenýän umumymilli baýramçylyga bagyşlanan “Türkmen halysy - türkmeniň kalby” atly halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Ýurdumyzdaky bu uly pudaklaýyn çäre “Türkmenhaly” döwlet birleşigi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guraldy.


27.05.2015 | Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ukrain toparynyň mejlisi

Aşgabat, 27-nji maý (TDH) . Şu gün türkmen paýtagtynda ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-ukrain toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Ukrainanyň wise-premýer ministri, sebitleýin ösüş, gurluşyk we ýaşaýyş-jemagat hojalygy ministri Gennadiý Zubkonyň ýolbaşçylygyndaky uly wekiliýet Aşgabada geldi.


24.05.2015 | Birža täzelikleri 24-nji Maý

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.


24.05.2015 | “Ak şäherim Aşgabat” atly halkara sergi

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde- “Ak şäherim Aşgabat” atly ХIV Halkara köpugurly sergisi açyldy.


23.05.2015 | Statistika boýunça pudagara geňeşiň mejlisi

Aşgabat, 23-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara geňeşiň nobatdaky mejlisi geçirildi.


21.05.2015 | Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri artýar

Awaza, 21-nji maý (TDH). Şu gün “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda 19-20-nji maýda bu ýerde geçirilen Türkmenistanyň VI halkara Gaz kongresine gabatlanyp guralan halkara sergisiniň ýapylyşy boldy.


20.05.2015 | Ýurdumyzyň haryt-çig mal biržasynyň söwda mümkinçilikleri artýar

Ahal welaýaty, 20-njy maý (TDH). Şu gün Sarahs etrabynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň daşary söwda terminalynyň täze binasyny ulanmaga bermegiň dabarasy boldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter