Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

14.02.2015 | Birža täzelikleri 14-nji Fewral

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.


13.02.2015 | Statistika boýunça ylmy-amaly maslahat

Aşgabat, 13-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Statistika--Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetiň aýnasy” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň bütin halk hojalyk toplumyny ösüşiň täze derejesine çykarmak boýunça öňde goýlan uly wezipeleri üstünlikli çözmekde statistikanyň ornuna bagyşlanan maslahat Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen bilelikde guraldy.


13.02.2015 | Türkmenistanyň halkara howa gatnawlarynyň sany artýar

Aşgabat, 13-nji fewral /TDH/. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň iş tertibiniň üsti ýene-de bir täze halkara ugrunyň açylmagy bilen ýetirildi. Şu gün Aşgabat we Riga şäherleriniň arasynda yzygiderli howa gatnawy açyldy. 160 ýolagçy üçin niýetlenen “Boeing 737-800" kysymly amatly howa gämisi hepdede bir gezek iki şäheriň arasynda gatnar.


08.02.2015 | Birža täzelikleri 8-nji Fewral

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.


05.02.2015 | Suwdan peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

Ozal habar berlişi ýaly, 2-nji fewralda geçirilen wideoşekili iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň ekin meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy baradaky hasabatlaryny diňläp, sebitlerde ýagan ygalyň möçberlerine we topragyň çyglylyk derejesine ünsi çekmek bilen, möwsümleýin oba hojalyk işleri geçirilende häzirki amatly tebigat-howa şertlerini göz öňünde tutmagyň wajypdygyny nygtady.


04.02.2015 | Hökümetara türkmen-horwat toparynyň mejlisi

Aşgabat, 4-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-horwat toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Horwatiýa Respublikasynyň birnäçe döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.


31.01.2015 | Birža täzelikleri 31-nji Ýanwar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwdalaşyklaryň 31-si hasaba alyndy.


30.01.2015 | Aşgabatda Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işini tamamlady

Aşgabat, 30-njy ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işini tamamlady. Diýarymyzyň we dünýäniň mebel senagatynyň gazananlarynyň ýöriteleşdirilen sergisi eksponentleriň 70-e golaýyny özüne çekdi. Olar işewürligiň bu görnüşinde täze meýilleriň we nusgalaryň dürli öwüşginlerini sergä gelenlere görkezdiler.


28.01.2015 | Türkmen paýtagtynda Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi açyldy

Aşgabat, 28-nji ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işine başlady. Ýöriteleşdirilen sergi—ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli sergileriň taryhynda ilkinji bolup, ol mebel pudagynyň gazananlaryny, bu ugurda ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem öý üçin köpdürli senagat harytlaryny öndürmek babatda mümkinçilikleri görkezmäge gönükdirilendir.


24.01.2015 | Birža täzelikleri 24-nji Ýanwar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter