Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

14.12.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.


07.12.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.


05.12.2019 | Döwrebap ýyladyşhana açyldy

Şu gün Gökdepe etrabynda döwrebap ýyladyşhananyň açylyş dabarasy boldy, ol «Üzümçilik» daýhan birleşiginiň çäginde guruldy. Bu waka mynasybetli geçirilen dabara welaýatyň häkimi S.Berdimuhamedow, etrap häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, hormatly ýaşulular, köp sanly oba adamlary gatnaşdylar.


28.11.2019 | Türkmenistan Ýewraziýanyň telekommunikasiýa aragatnaşyk merkezine öwrülýär

Şu gün Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisiniň jemleýji gününiň işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde «Türkmenistan we dünýä maglumat — telekommunikasiýa ulgamlary» atly ylmy maslahatyň jemleýji mejlisi geçirildi.


27.11.2019 | Türkmenistanda iň täze aragatnaşyk tehnologiýalarynyň halkara sergisi we pudaklaýyn maslahat geçirilýär

Şu gün paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy we onuň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi. Olar Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.


23.11.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 82-si hasaba alyndy.


21.11.2019 | BMG-niň se­bit maksatnamasynyň forumy jemleýji resminamany — Aşgabat başlangyjyny kabul etdi

Şu gün türkmen paýtagtynda «SPEKA günleri» tamamlandy. Onuň çäklerinde iki çäre — ykdysady forumyň ikinji güni hem-de BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň Ýolbaşçy geňeşiniň on dördünji sessiýasy geçirildi.


21.11.2019 | Lebap welaýatynyň şalyçylary döwlet tabşyrygyny amal etdiler

Lebap welaýatynyň şalyçylary döwlete 48 müň tonna golaý şaly tabşyryp, bellenilen wezipä üstünlikli hötde geldiler.


20.11.2019 | Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynyň forumy geçirildi

Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň forumynyň açylyşy boldy. «Özara baglanyşyk: SPEKA-nyň kiçi sebitinde söwda we ulag işlerini ýönekeýleşdirmek hem-de durnukly ösüş» mowzugy forumyň esasy meselesine öwrüldi.


19.11.2019 | Türkmenistanda BMG-niň maksatnamasynyň “SPEKA günleri” geçirilýär

Şu gün «SPEKA günleriniň» çäreleriniň çäklerinde SPEKA-nyň Söwda boýunça iş toparynyň 14-nji sessiýasy geçirildi. Ol BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň häzirki başlygy Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Ýewropa Ykdysady Komissiýasy (ÝYK) hem-de BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen bilelikde guraldy.


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter