Jemgyýet

Jemgyýet

03.04.2019 | Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi, onda saýlaw okruglarynyň üçüsi boýunça möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň, şeýle hem welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, milli synçylar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


31.03.2019 | Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň ýörelgeleri

Şu gün ýurdumyzda aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlar geçirildi.


29.03.2019 | Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak ugry bilen

Ýekşenbe güni, 31-nji martda Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka — Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Geňeş agzalarynyň aýry-aýry okruglar boýunça saýlawlary geçiriler.


25.03.2019 | Milli Liderimiz Sport ulag merkezine bardy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezine bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýere täze sport ulagynda geldi.


22.03.2019 | Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bag ekmek maksatnamasynyň esasy maksadydyr

Türkmenistanda täze bag ekmek möwsümi başlandy. 21-nji martda bellenilýän Halkara Nowruz gününde tutuş ýurdumyz ýowaryna çykdy. Ol diňe bir ildeşlerimiziň joşgunly zähmetiniň hakyky baýramçylygy bolman, eýsem, türkmen hakynyň milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde ruhubelentliginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Asylly däbe görä, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi Köpetdagyň etegindäki Nowruz ýaýlasyndaky meýdançada bag nahalyny oturtmaga gatnaşyp, giň möçberli bag ekmek maksatnamasynyň nobatdaky tapgyryna badalga berdi.


21.03.2019 | Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar

Şu gün ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni köpöwüşginli dabaralara beslendi. Baýramçylygyň esasy folklor-etnografiýa çykyşlary Nowruz ýaýlasynyň çäginde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda ýaýbaňlandyryldy.


21.03.2019 | Bag ekmek boýunça ählihalk ýowary Nowruzyň hormatyna ajaýyp däpdir

Şu gün Türkmenistan Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramçylyk mynasybetli dabaralar, däp bolşy ýaly, Nowruz ýaýlasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ägirt uly «Türkmeniň ak öýi» guruldy.


20.03.2019 | Möhletinden öň ses bermek — demokratik ýörelgeleriň amala aşyrylmagy

21-nji martda Türkmenistanda Saýlaw kodeksine laýyklykda, käbir saýlaw okruglary boýunça milli parlamentiň deputatlaryny, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermeklik başlandy.


19.03.2019 | Türkmenistanyň Pekindäki Ilçihanasy birinji Hazar ykdysady forumy bilen tanyşdyryş çäresini geçirdi

18-nji martda Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasy Pekindäki Hytaýyň nebit uniwersitetinde birinji Hazar ykdysady forumy, Türkmenistanyň GDA we AHEHG başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy bilen tanyşdyryş çäresini, şeýle hem Halkara Nowruz baýramy mynasybetli dabara geçirdi. Ýokary okuw mekdebiniň rektoratynyň ýardam bermeginde gurnalan çärä 300-den gowrak adam, şol sanda professor-mugallymlar düzümi, hytaýly we türkmen talyplary, şeýle hem jemgyýetçilik we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


13.03.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy - 2018-nji ýyl: saglygy goraýyş ulgamy

Türkmenistanyň adamlaryň durmuş ulgamyna degişli bähbitlerini we zerurlyklaryny üpjün etmek meselelerini esasy ugur edinýän döwlet syýasatynda milli lukmançylyk ulgamyny ösdürmek möhüm görkezijileriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan uzak möhletleýin «Saglyk» Döwlet maksatnamasy milli saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegine bolan täzeçil çemeleşmäni öňe sürdi. Munuň özi keselleriň öňüni almak we jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak bilen täzeçil tehnologiýalaryň çekilmegini we pudakda giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini öz içine alýar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter