Jemgyýet

Jemgyýet

27.01.2019 | Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi ulanylmaga berildi

Türkmenabatda dört gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň ikisiniň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Zergeriň demir-beton önümleri zawodynyň işgärleri şäheriň günortasynda Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň işgärleriniň maşgalalary üçin ýaşaýyş jaýlaryny bina etdiler.


27.01.2019 | Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine — 27 ýyl

2019-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistan Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 27 ýyllygyny belleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän düýpli we täze özgertmeleriň hem-de milli Liderimiziň harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary baradaky ýadawsyz aladalarynyň netijesinde biziň goşunymyz häzirki zamanyň ýokary tehnologiýaly hem-de ykjam Milli goşun derejesine ýetdi. Bu goşun Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goragynyň we eldegrilmesizliginiň hem-de halkymyzyň parahat durmuşynyň kepili bolup durýar.


26.01.2019 | Zenanlar birleşiginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň merkezi edaralarynyň mejlisleri

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň IX mejlisi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň IV mejlisi geçirildi, şolarda bu jemgyýetçilik guramalarynyň işleriniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän ýylda esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.


26.01.2019 | Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Ol çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatynyň we Geňeşlikleriň agzalarynyň saýlawlarynyň taýýarlyk meselelerine bagyşlandy. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary hem-de onuň diwanynyň işgärleri, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, syýasy partiýalardan, jemgyýetçilik guramalaryndan, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden ybarat milli synçylar gatnaşdylar.


22.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilik strategiýasy täze neşirlerde öz beýanyny tapýar

Daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany geçen ýylyň dördünji çärýeginde ýurdumyzyň daşary syýasy durmuşynyň möhüm wakalarynyň synyna bagyşlanýar.


19.01.2019 | Türkmenistanyň kazylarynyň I maslahaty geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň kazylarynyň I maslahaty geçirildi. Oňa Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, şäher we etrap kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipeleri girizildi.


10.01.2019 | Okgunly hereket we ylham — abadançylyk ýoly

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk toplumyna bardy we bu ýerdäki iş otagynda edebi döredijilik bilen meşgullandy.


05.01.2019 | Türkmenistanyň Baş arçasy – GDA ýurtlaryndakylaryň iň belendidir

«Älem» Medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň belentligi depesine gelşik berýän sekizburç ýyldyzy bilen 38 metrdir. Ol GDA ýurtlaryndakylardan iň belendidir. Azerbaýjanyň we Ermenistanyň paýtagtlarynda oturdylan Täze ýyl arçalary Aşgabat arçasyndan 1 metr pesdir. Özbegistanyňky – 3 metr, Belarusyňky- 8 m, Täjigistanyňky – 10 m, Russiýanyňky- 11 m, Gyrgyzystanyňky, Gazagystanyňky we Grusiýanyňky -13 metr keltedir.


03.01.2019 | Watana wepaly bolmak — ata-babalarymyzyň mukaddes wesýeti

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan, parahatçylyk söýüjilikli, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň ileri tutulýan ugry döwletimiziň howpsuzlygyny üpjün etmekden, agzybir türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny goramakdan ybaratdyr.


02.01.2019 | Täze ýyl dabaralary Watanymyzyň ýaş nesilleriniň bagtyýarlygyny artdyrýar

Şu gün Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminiň açylmagyna bagyşlanan dabaraly çäre boldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter