Jemgyýet

Jemgyýet

17.04.2018 | Döwrüň binagärlik keşbi: durmuşyň täze hili we ýörelgeleriň mynasyp dowamy

«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň nobatdaky sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şähergurluşyk syýasatyny durmuşa geçirmegiň tapgyrlaryny şöhlelendirmegi dowam edýär. Onda tutuş ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň baş bezegine öwrülen, halkymyzyň durmuşynyň täze hilini özünde jemleýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurulýan binalarda we desgalarda döwrüň keşbi emele gelýär.


17.04.2018 | Täze suw üpjünçilik ulgamy işe girizildi

Kaka etrabynda 15 kilometrlik Hywaabat — Kaka suw geçirijisi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Dabara Oba we suw hojalyk ministrliginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM), welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.


17.04.2018 | Türkmenistan — Gazagystan: goňşy ýurtlaryň sebitleriniň özara gatnaşyklary

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen duşuşygyň gün tertibine Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri girizildi. Maslahata dostlukly ýurtlaryň döwlet düzümleriniň, senagat we işewürler toparlarynyň wekilleri, medeniýet işgärleri gatnaşdylar.


14.04.2018 | Dünýäniň geljeginiň bähbidine Türkmenistanyň başlangyçlary

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda kabul edilen Kararnamalar — Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynyň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi.


12.04.2018 | Behişdi bedewlerimiz Beýik Ýüpek ýolunyň waspydyr

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde milli Liderimiz ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşdy hem-de adaty endigine eýerip, döredijilik bilen meşgul boldy.


10.04.2018 | Türk­me­nis­tan — BMG: yn­san­per­wer ul­gam­da hyz­mat­daş­lyk

Şu gün paý­tag­ty­myz­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň iş­gär­le­ri­ni dur­nuk­syz mig­ra­si­ýa­nyň hem-de adam söw­da­sy­nyň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça me­se­le­ler­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­giň hal­ka­ra tej­ri­be­si bi­len ta­nyş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len iki gün­lük mas­la­hat işe baş­la­dy. Mas­la­hat Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan Mig­ra­si­ýa bo­ýun­ça hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň we­kil­ha­na­sy bi­len bi­le­lik­de çä­re­le­riň ozal tas­syk­la­nan me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da gu­ral­dy.


10.04.2018 | Eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti­niň yn­san­per­wer mak­sat­la­ry

Aş­ga­bat­da A.S.Puş­kin adyn­da­ky Döw­let rus dra­ma teat­ryn­da üýt­ge­şik çy­kyş gu­ral­dy. Du­şen­be gü­ni ag­şam — bu, adat­ça, teatr­lar­da dynç gü­ni bol­sa-da, onuň gi­rel­ge­si­niň öňün­de adam­lar ýyg­nan­dy­lar, ola­ry bu ýe­re nä­me ge­tir­di: «Eý­sem, bu gün spek­takl bar­my?».


08.04.2018 | “Ýüpek ýoly” binasy — Türkmenistanyň ulag geçelgeleriniň nyşany

Bütindünýä saglyk güni bellenilýän şu gün Amyderýanyň kenaryndaky şäherde ajaýyp “Beýik Ýüpek ýoly” binasynyň dabaraly açylyşy boldy.


07.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk çärelerine gatnaşdy

Şu gün Türkmenistan halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde ählihalk baýramçylygy bolan Bütindünýä saglyk gününi giňden dabaralandyrdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolan bu şanly sene mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy we sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly müňlerçe adamlary özünde jemleýän hem-de tutuş ýurdumyzy gurşap alan köpsanly sport çäreleri geçirildi.


07.04.2018 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter