Jemgyýet

Jemgyýet

26.09.2019 | Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan konserti boldy.


26.09.2019 | Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilenlere pasportlar gowşuryldy

Şu gün Döwlet migrasiýa gullugynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň raýatlygyna 863 adamy kabul etmek hakynda Permana gol çekdi.


25.09.2019 | Ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ösüşine goşant üçin Watan sylaglary

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine hem-de halkara abraýynyň belende galmagyna goşan ägirt uly şahsy goşantlary üçin halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň tapawutlanan işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, düzümleýin guramalaryň işgärlerine, döredijilik wekillerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de hormatly atlary dakmak dabaralary boldy.


23.09.2019 | Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХII maslahaty geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХII maslahaty geçirildi. Asylly däbe görä, ählihalk baýramyna — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp guralýan maslahatyň işine beýleki ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly türkmenler, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinden wekiller gatnaşdylar.


23.09.2019 | Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrýar

Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň Referens barlaghanaly wirusologiýa bölümine dümew boýunça milli merkez diýen derejäniň berilmegini tassyklaýan güwänamanyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi.


22.09.2019 | Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen barlaghanasy BSGG-niň ählumumy ulgamyna girizildi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň milli barlaghanasyna (Referens barlaghanaly wirusologiýa bölümi) dümew keseli boýunça Milli merkez derejesiniň we şol bir wagtda dümew keseliniň ýaýramagyna garşy göreşmek gözegçiligi we jogap çärelerini kabul etmek boýunça Global ulgamynyň agzasy derejesiniň berlendigi hakynda hoş habar gelip gowuşdy.


21.09.2019 | Baýramçylygyň öň ýanyndaky binagärlik açyşlary

Şu gün ak mermerli paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna gabatlanyp, täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Parahat — 7/3 ýaşaýyş jaý toplumynda iki sany belent ýaşaýyş jaýy, şeýle hem paýtagtymyzyň çäklerinde günebakar ýagyny we un öndürýän kärhana gurlup, ulanylmaga berildi.


20.09.2019 | Baýramçylygyň öň ýanynda Watanymyzyň sebitlerinde täze binalar açyldy

Baş baýramçylygyň — Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda Mary we Baýramaly şäherleriniň ýaşaýjylary ajaýyp sowgatlar aldylar. Şu gün bu ýerde täze köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary boldy.


18.09.2019 | Türkmen alabaýy — halkymyzyň buýsanjy

Şu gün Ak bugdaý etrabynda «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Ýurdumyzda ilkinji gezek gurlan şeýle binanyň açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, Ahal welaýatynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, medeniýet edaralarynyň işgärleri, talyp we okuwçy ýaşlar, ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.


18.09.2019 | Diýarymyzyň sebitlerinde baýramçylyk mynasybetli binagärlik açylyşlary

Şu gün ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsiniň hem-de himiki metaldan bezeg önümlerini öndürýän kärhananyň açylyş dabaralary boldy. Dabaralar ýakynlaşyp gelýän şanly senä — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlandy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter