Jemgyýet

Jemgyýet

02.01.2020 | Adam hakyndaky alada milli Liderimiziň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Täze, 2020-nji ýylyň ilkinji günlerinden pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň 10 göterim ýokarlandyrylan möçberi tölenilip başlandy.


02.01.2020 | Gökderede çagalaryň gyşky dynç alyş möwsümi başlandy

Şu gün paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň ähli künjeklerinden gelen çagalary Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Gökderedäki dynç alyş-sagaldyş merkezlerine gyşky dynç alşa ugratmak dabarasy boldy.


01.01.2020 | Çagalar - biziň geljegimiz!

Şu gün Türkmenistanda täze, 2020-nji ýylyň başlanýan güni ilkinji dünýä inen bäbegiň ene-atalaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy we milli Liderimiziň aýdan bagtly durmuş, sagdynlyk we abadançylyk baradaky arzuwlary aýdyldy.


01.01.2020 | Türkmenistanlylar 2020-nji ýyly geljege bolan uly ynam bilen garşyladylar

Täze, 2020-nji ýyl ýurdumyzyň durmuşyna dürli öwüşginler bilen girip, ähli türkmenistanlylara, aýratyn-da, çagalara şatlykly täsirleri peşgeş berdi, olaryň baýramçylyk çäreleri dowam edýär.


29.12.2019 | Gahryman Arkadagymyz Ak ýol atly ak behişdi bedewinde mähriban halkymyza Täze ýylda ak ýollara rowanalygy arzuw etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün säher bilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olaryň türgenleşik işleri bilen tanyşdy.


28.12.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ýaryşlara taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy. Şol ýerde öňümizdäki 2020-nji ýylda sport dünýäsinde iri halkara wakalaryň üçüsi bolup geçer. Şolar Sambo boýunça dünýä çempionaty, Futzal boýunça Aziýanyň çempionaty hem-de Dewisiň Kubogy ugrundaky tennis ýaryşynyň tapgyry (Aziýa zolagy/Okeaniýa, IV topar) bilen baglanyşyklydyr.


26.12.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baş arçanyň ýanynda Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda Täze ýyl dabaralaryna baryp görüp, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan dabara gatnaşýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy.


26.12.2019 | Sanlylaşdyrmak ulgamynda tejribe alyşmak

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda sanlylaşdyrmak ulgamynda tejribe alyşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi.


25.12.2019 | Aşgabatda nobatdaky ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzyň günorta-gündogaryndaky Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda köp gatly jaýlaryň dördüsiniň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy.


24.12.2019 | Balkan welaýatynda täze desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli uly baýramçylyk

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow Serdar etrabynyň «Arkaç» geňeşliginiň çäginde gurlan täze, döwrebap Rowaç atly obanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter