Jemgyýet

Jemgyýet

22.09.2017 | Halkara tejribesi sport lukmançylygynyň iş tejribesinde

Ýokary hilli lukmançylyk hyzmaty islendik uly sport çäresi ýaly, “Aşgabat 2017” oýunlaryny hem üstünlikli geçirmegiň möhüm we aýrylmaz bölegidir. Ministrler Kabinetiniň 22-nji sentýabrda bolan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oýunlary guramagyň hili babatda bu meselä aýratyn üns berip, Olimpiýa şäherçesiniň Dikeldiş merkezinde lukmanlaryň gije-gündiziň dowamynda nobatçylygyny ýola goýmagy tabşyrdy.


20.09.2017 | Satuwda jemgyýetçilik ulagynda gatnawy tölemegiň elektron kartlary peýda boldy

Türkmenistan ilata hyzmat etmek ulgamyna täze tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýar. Sentýabrda Aşgabadyň jemgyýetçilik ulag ulgamyna tölegiň elektron görnüşiniň girizilip başlanmagy bu ugurdaky nobatdaky ädim boldy.


19.09.2017 | Pygy Baýramdurdyýew: Oýunlar ýurdumyzyň beýik gazananlaryny alamatlandyrýar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawyny ýakmak ynanylan , Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy Pygy Baýramdurdyýew interwýu berdi:


15.09.2017 | Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy, şeýle hem şu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.


14.09.2017 | Türkmenistanda harby gulluga nobatdaky çagyrylyş yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Yaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Yaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi.


13.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna bardy we şol ýerde at çapmak hem-de täze kitabyň üstünde işlemek bilen meşgul boldy.


13.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlary - “Türkmenistan Sport” žurnalynyň esasy mowzugy

“Türkmenistan Sport” žurnalynyň nobatdaky sany 17-nji sentýabrda paýtagtymyzda badalga alýan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanandyr.


11.09.2017 | Aşgabat Aziadasynyň ýadygärlik poçta markalarynyň toplumy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aragatnaşyk ministrligi biziň ýurdumyzyň taryhyna uly ähmiýetli waka bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna poçta markalarynyň iki tapgyryny çykardy.


11.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary – halkara neşir bäsleşiginiň ýeňijileri

Otuzynjy Moskwa halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde GDA döwletleriniň “Kitap sungaty” halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistan tarapyndan bäsleşige hödürlenilen kitaplaryň dördüsi hem ýokary baýraklara mynasyp boldy.


11.09.2017 | Milli puluň we ýadygärlik teňňeleriň täze görnüşleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň Merkezi banky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli hümmeti 1, 5, 10, 20, 50 we 100 manada deň bolan banknotlaryň täze 2017-nji ýylyň modifisirlenen nusgalaryny, şeýle hem her haýsynyň hümmeti 100 manada deň bolan “Aşgabat Olimpiýa stadiony” atly altyn we kümüş ýadygärlik şaýy pullaryny dolanyşyga çykardy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter