Jemgyýet

Jemgyýet

29.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň işini üýtgedip guramagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümete Aşgabadyň Olimpiýa şäherjininiň işini üýtgedip guramagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.


29.09.2017 | Jemagat hojalygy ýyladyş möwsümine taýýarlanýar

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy edaralary 2017-2018-nji ýyllaryň ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýilnamalaýyn çäreleri geçirýär.


28.09.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen türgenleriniň we tälimçileriniň hyzmatlaryny belledi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň ýeňşine uly goşant goşan türkmen tälimçileriniň hem-de türgenleriniň—milli ýygyndy toparymyzyň agzalarynyň üstünligini ýokary döwlet sylaglary – “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” hem-de “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen hormatly atlar bilen belledi.


28.09.2017 | V Aziýa oýunlarynyň ýeňijileri we olaryň tälimçileri gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen türgenleri – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýeňijileri hem-de olaryň tälimçileri awtoulag serişdeleri we uly möçberli pul sylaglary bilen sylaglandylar.


28.09.2017 | Ýurdumyzyň sportda iň oňat halypalaryna «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi»diýen at dakyldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen türkmen sportuny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda bitiren uly hyzmatlary, Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 17–27-nji sentýabry aralygynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan we baýrakly orunlary eýelän türgenleri taýýarlamakda, şeýle hem sport boýunça okuw-türgenleşik we terbiýeçilik işlerinde gazanan ýokary netijeleri üçin şu adamlara «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly at dakyldy:


28.09.2017 | Mejlisde "Aşgabat 2017" oýunlarynyň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Mejlisde ýurdumyzyň parlamentiniň deputatlarynyň we hünärmenleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň jemlerine bagyşlanylan dabaraly maslahat geçirildi.


28.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesine «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen at dakyldy

Türkmen sportunyň halkara abraýyny belende götermekde bitiren uly hyzmatlaryny, sportuň dürli görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik işlerinde aýratyn tapawutlanyp, ýeňiji bolandyklaryny, Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 17–27-nji sentýabry aralygynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen sportuň görnüşleri boýunça ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, birnäçe baýrakly orunlary eýeländikleri, gazanan ýokary netijeleri nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly at dakyldy:


28.09.2017 | Döwlet Baştutanymyzyň “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, syýasatşynaslar, sport jemgyetçiliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


28.09.2017 | Mejlisiň karary bilen Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly at dakyldy

Türkmen sportuny ösdürmekde we onuň halkara abraýyny belende götermekde, şan-şöhratyny ýokarlandyrmakda bitiren uly hyzmatlaryny, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan we baýrakly orunlary eýelän türgenleri taýýarlamakda, olara sportuň inçe syrlaryny, tälimlerini we nusgalyk ýollaryny öwretmekde, sportuň görnüşleri boýunça ýokary derejeli türgenleri we toparlary taýýarlamak babatda usuly gollanmalary durmuşa geçirmekde goşan aýratyn şahsy goşandyny, sport boýunça okuw-türgenleşik we terbiýeçilik işlerinde gazanan ýokary netijelerini nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly ady dakmak kararyny kabul etdi.


22.09.2017 | Türkmenistan BMG-niň adam hukuklary baradaky Geňeşiniň Jarnamasyny durmuşa geçirmekde ilkinji ädimini ätdi

Şu gün Hökümetiň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Olimpiýa Komitetiniň adyndan Bosgunlar toparynyň agzalaryny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna işjeň gatnaşandyklary üçin hormatly sylaglary hem-de sowgatlary gowşurmak barada tabşyryk berip, bu çäräniň BMG-niň Adam hukuklary baradaky 36-njy maslahatynda biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen “Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň parahatçylygy we adam hukuklarynyň pugtalandyrylmagyna uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky” Jarnamany durmuşa geçirmekde ilkinji ädim bolup durýandygyny belledi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter