Jemgyýet

Jemgyýet

10.08.2017 | Türkmenistanyň Merkezi banky Aziada-2017-niň hormatyna ýadygärlik şaýylaryny çykardy

Türkmenistanyň Merkezi banky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli her haýsysynyň nominaly 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullaryndan durýan ýadygärlik şaýy pullar toplumyny çykardy.


01.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2017-nji ýylyň 17-nji awgusty — 7-nji sentýabry aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 160 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.


30.07.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumyna baryp gördi

Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýekşenbe güni säher çagyny işjeň sport maşklaryna, atly gezelenç etmäge ýa-da ylgaw bilen meşgullanmak endigine eýerip, öz eý görýän Ruhubelent atlytaýçanagy bilen birnäçe wagt didarlaşdy.


27.07.2017 | Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy

“Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary” atly neşiriň nobatdaky, 9-njy sany çapdan çykdy. Onda hormatly Prezidentimizi Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylda alyp baran köpugurly we netijeli işleri beýan edilýär. Şol ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň halkara hukuk derejesini gazanmagynyň 20 ýyllygyna beslendi.


27.07.2017 | Sagdynlyk we ruhubelentlik işjeň şahsyýete we kämil jemgyýete mahsus häsiýetleridir

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gysga möhletli dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda gurlan köpugurly sport toplumyna baryp gördi.


26.07.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak geldi

Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gysga wagtlaýyn dynç almak üçin Balkan welaýatyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.


25.07.2017 | Hormatly Prezidentimiz Olimpiýa şäherjiginiň Aziada-2017 oýunlaryna taýýarlyk derejesine aýratyn üns berdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda geçirilýän iri möçberli işleriň barşy, şeýle hem Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça geçirilýän çäreler bilen tanyşdy.


25.07.2017 | Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň täze edara binasy

Döwlet Baştutanymyz ýüzugra Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň durky täzelenen edara binasynyň ýanynda saklandy we onuň enjamlaşdyrylyşyny synlady.


25.07.2017 | Ýurt Baştutanymyz paýtagtymyzda amala aşyrylýan 15-nji tapgyryň gurluşygy bilen tanyşdy

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşy bilen tanyşdy. Bu taslamanyň çäklerinde ýokary amatlyklary bolan we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň iri toplumy gurlupdyr.


24.07.2017 | V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 günüň galmagy mynasybetli Aşgabatda we welaýatlarda köpçülikleýin welosipedli ýörişe geçiriler

Tutuş ýurdumyz boýunça—paýtagtymyzda we welaýatlarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “Aşgabat-2017” taslamasynyň çäklerinde 29-njy iýulda guralmagy göz öňünde tutulýan täze wagyz ediş çäresine - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 günüň galmagy mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe taýýarlyk görülýär.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter