Jemgyýet

Jemgyýet

01.06.2017 | Korrupsiýa garşy göreşi güýçlendirmegiň wezipeleri maslahatlaşyldy

Şu gün harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň we jogapkär işgärleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Onuň esasy meselesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda döredilen Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.


31.05.2017 | Aşgabatda dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň media-forumy geçirildi

Paýtagtymyzda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine bagyşlanan halkara media-forum geçirildi.


31.05.2017 | «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» diýen žurnalyň nobatdaky sany

Döwlet ösüşiniň strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde ýola goýulýan ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň esasy taraplary bilen giň okyjylar köpçüligini tanyşdyrmak maksadynda Daşary işler ministrligi tarapyndan neşir edilýän, üç aýda bir gezek çapdan çykýan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çap edildi.


28.05.2017 | Tutuş ýurdumyz Türkmen halysynyň baýramyny giňden we dabaraly belledi

Dürli döredijilik, medeni çäreler hem-de sport ýaryşlary ajaýyp haly eserlerini döretmegiň gadymy däplerini dowam edýän ussat halyçy gelin-gyzlaryň ägirt uly zehinine we joşgunly zähmetine hem-de milli baýlygymyza bagyşlandy.


26.05.2017 | Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp Aşgabatda Halkara ekologik ýorumy geçiriler

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp, Aşgabatda sebit we halkara guramalarynyň, Merkezi Aziýa döwletleriniň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, daşky gurşawy goramak, suw hojalygy ulgamynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda çäreler toplumy geçiriler.


26.05.2017 | Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan şäherinde “Türkmenistan” Merkezi açyldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan şäherindäki Nebitçilik uniwersitetiniň binýadynda “Türkmenistan” Merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Şensi welaýatynyň hökümetiniň we Siýan şäheriniň wekilleri, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň işgärleri, şeýle hem bu ýerde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.


26.05.2017 | Iýunyň baýramçylyk senenamasynda – Aziada-2017-ä 100 gün galmagyna bagyşlanan dabaralar

Tomus paslynyň birinji aýy Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda iýun aýynda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni, Dokma senagaty işgärleriniň güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni hem-de Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli döredijilik we beýleki çärelere beslener.


26.05.2017 | Türkmenistanda korrupsiýa we paraholrluga garşy göreşmegiň Döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanylýar

Döwlet Baştutanymyzyň maslahatlaryna laýyklykda korrupsiýa hem-de parahorluga garşy göreşmek baradaky ýörite döwlet maksatnamasy işläp taýýarlanylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň milli parlamentiniň başlygy A.Nurberdiýewa habar berdi.


25.05.2017 | Türkmenistanyň mekdeplerinde «Soňky jaň» kakyldy

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu gün Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynda özbaşdak durmuşa gadam basýan 85 müňden gowrak uçurym üçin aýratyn dabaraly we tolgundyryjy gün boldy. Bu ýyl özygtyýarly Watanymyzyň parahatçylygyň we döredijiligiň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegini aňladýan uly wakalara beslendi. Ynha, eýýäm birnäçe aýdan Türkmenistan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylary kabul eder. Bu Oýunlar ýurdumyzyň sport döwleti derejesini berkitmegi ugur edinýär. Elbetde, şu günki baýramçylyk bolsa dostlugyň, sagdynlygyň, ylham joşgunynyň senasydyr.


25.05.2017 | Goňşy Özbegistanyň çagalary Awazany dostluk mekany diýip atlandyrdylar

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça 15-nji maýda Özbegistanyň dürli sebitlerinden Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenaryndaky dünýä derejeli şypahana merjenine dynç almaga gelen çagalaryň uly toparyny ugratmak dabarasy boldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter