Jemgyýet

Jemgyýet

10.06.2017 | “Aziada dünýä metbugatynda” atly halkara media-forum açyldy

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 100 gün galmagy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň çäklerinde Mary welaýatynyň merkezinde “Aziada dünýä metbugatynda” atly halkara media-forum açyldy.


09.06.2017 | Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanylýar

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanylýar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew hökümet mejlisinde bu ulgamda alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdi.


09.06.2017 | Pekinde Aziada-2017-ä bagyşlanan sergi açyldy

Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasynyň ýanyndaky Söwda wekilhanasynyň binasynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 günüň galmagy mynasybetli serginiň açylyşy we tanyşdyryş çäresi boldy.


08.06.2017 | Türkmenistanda sebit ekologiýa maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün türkmen paýtagtynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny durnukly ösdürmek boýunça Döwletara toparynyň nobatdaky mejlisi boldy. Bu mejlis ýurdumyzyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda 2017-2019-njy ýyllarda başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti tarapyndan guraldy.


07.06.2017 | Halkara ekologiýa forumynyň jemleri jemlendi

Türkmen paýtagtynda “Merkezi Aziýada daşky gurşaw we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin başlangyç” atly Halkara ekologiýa forumy öz işini tamamlady. Mälim bolşy ýaly maslahat Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti hem-de Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi tarapyndan guraldy.


07.06.2017 | «Türkmenistan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe» atly monografiýasy çap edildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwi tarapyndan taýýarlanylan iri ylmy monografiýa şeýle atlandyrylýar. Neşirde özygtyýarly we Bitarap döwletiň kemala gelmeginiň taryhy, Garaşsyzlygyň 25 ýyly içinde ýetilen sepgitler barada gürrüň berilýär.


05.06.2017 | Türkmenistanda Merkezi Aziýa Halkara ekologiýa forumy geçirilýär

Paýtagtymyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan “Merkezi Aziýada daşky gurşaw we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin başlangyç”atly Merkezi Aziýa boýunça Halkara ekologiýa forumy öz işine başlady.


03.06.2017 | Aşgabatda halkara pudaklaýyn sergi geçirildi

Iki günüň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde ýurdumyzyň Dokma senagaty pudagynyň işgärleriniň güni mynasybetli “Türkmen dokmasy-2017” atly Halkara sergisi geçirildi.


03.06.2017 | Türkmenistanda 2017-2021-nji ýyllarda çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanylýar

Döwletimiziň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek baradaky Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň guraýan duşuşygyna Mejlisiň, birnäçe ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, hukuk goraýjy düzümleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillleri gatnaşdylar.


03.06.2017 | Türkmenistanyň mejlisi täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy – hukuk namalarynyň birnäçesini kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň ýigrimi birinji maslahaty geçirildi. Onda birnäçe kanunlar we kadalaşdyryş-hukuk namalary kabul edildi. Maslahata gatnaşmak üçin degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter