Jemgyýet

Jemgyýet

28.02.2017 | Aşgabatda ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri ugrunda çäresi geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Sagdyn jemgyýet-berkarar döwlet” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Sagdyn durmuş ýörelgesine, adamzadyň ählumumy meselesine—tutuş dünýäde neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we neşekeşlige garşy göreşmek meselesine bagyşlanan duşuşyk Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guraldy.


28.02.2017 | Aziada-2017-niň aragatnaşyk hyzmaty teleýaýlymlarda görkezmegiň we internet-aragatnaşygynyň ýokary hilini üpjün eder

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny bütin dünýäde synlarlar we eşiderler. Türkmenistan şu ýylyň güýzünde boljak uly möçberli sport baýramçylygyny geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görýär. Aragatnaşygyň hem-de ýaýlymlarda alyp görkezmegiň ýokary hilini üpjün etjek maglumat-telearagatnaşyk ulgamlaryny giňeltmek boýunça hem örän uly işler alnyp barylýar.


24.02.2017 | Türkmenistan sanly bilim ulgamyny we elektron bilimiň serişdelerini ösdürer

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täzeden bellenen, bilim we ylym ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer S. Toýlyýewe ýurdumyzyň sanly bilim ulgamynyň konsepsiýasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.


24.02.2017 | Halkara zenanlar güni mynasybetli “Ene mähri” atlary dakyldy we pul sylaglary gowşurylar

Hormatly Prezidetimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçiren Hokümet maslahatynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny dakmak hakynda Permana we ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sylaglaryny gowşurmak hakynda Buýruga gol çekdi.


23.02.2017 | Döwlet geňeşiniň we hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylary bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda Döwlet geňeşiniň we hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylary bellenildi.


20.02.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze eseriniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mertler Watany beýgeldýär” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Bu çärä harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ýokary harby okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, şeýle hem medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, beýleki myhmanlar gatnaşdylar.


20.02.2017 | Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy

Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu waka milli Liderimiziň Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine täzeden saýlanandan soň, ilkinji ädimleriniň biri boldy we ýurdumyzyň halkara hukugynyň kadalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezip, migrasiýa syýasatynyň meselelerini netijeli çözmegiň nobatdaky mysalyna öwrüldi.


19.02.2017 | Türkmenistanda Döwlet baýdagynyň güni dabaraly bellenildi

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň özbaşdaklygynyň, jemgyýetimiziň mizemez agzybirliginiň we jebisliginiň nyşany bolan Döwlet baýdagynyň gününi belleýär. Ählihalk baýramçylygyna bagyşlanan esasy çäreler paýtagtymyzda geçirildi. Bu ýerde ýola goýlan däbe görä, ýurdumyzyň Baş baýdagynyň etegine gül goýmak dabarasy boldy.


14.02.2017 | Aşgabatda hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy geçýär

Aşgabatda Hazarýaka döwletlerleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşýarlar.


14.02.2017 | Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde saýlawlaryň gutarnykly jemleri jemlenildi: Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Gurbanguly Berdimuhamedow saýlandy

Paýtagtymyzda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň gutarnykly jemleri jemlenildi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter