Jemgyýet

Jemgyýet

10.12.2019 | Sebitlerde baýramçylyk mynasybetli täze desgalaryň açylyş dabaralary

Şu gün Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Gökdepe etrabynyň sazlaşykly ösýän we ilaty köpelýän künjeginiň suw üpjünçiligini durnuklaşdyrmak maksady bilen, «Ýaňgala» geňeşliginiň çäginde gurlan suw paýlaýjy bekediň açylyş dabarasy boldy.


08.12.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze binalary

Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Şol dabaralara Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow, welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, gurluşykçylar, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.


05.12.2019 | Milli Liderimiziň çykyşlarynyň ýygyndysynyň nobatdaky tomy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýyldaky maksatnamalaýyn çykyşlaryny, interwýularyny, gutlaglaryny hem-de ýüzlenmelerini özünde jemleýän, «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly ýygyndynyň nobatdaky — 12-nji tomy çapdan çykdy. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen kitap ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan çapa taýýarlanyldy.


03.12.2019 | Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby arap dilinde neşir edildI

Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maslahatlar zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen kitabynyň ikinji jildiniň arap dilinde çykan neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.


26.11.2019 | Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezini gurmak boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň dörediljek ýerindäki gurluşygyň nobatdaky tapgyryna girişmek hakyndaky Karara gol çekdi.


26.11.2019 | Türkmenistan-Russiýa: ynsanperwer hyzmatdaşlyk

Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde GDA-nyň, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlaryň işleri we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Federal agentligiň («ROSSOTRUDNIÇESTWO» ynsanperwer we bilim taslamalarynyň tanyşdyrylyşy boldy.


20.11.2019 | Türkmenistanda Çaganyň hukuklary boýunça Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bellenildi

2019-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Çaganyň huhuklary hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli çäre geçirildi.


14.11.2019 | Türkmenistanda bilim we sport boýunça Halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär

Şu gün paýtagtymyzda «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady.


12.11.2019 | «Media-Türkmen» Habarlar agentligi bilen RF DIM-niň «Международная жизнь» («Halkara durmyşy») žurnalynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekildi

«Media-Türkmen» Habarlar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň «Международная жизнь» («Halkara durmyşy») žurnalynyň arasynda täzelik habarlaryny alyşmak barada Ähtnama gol çekildi.


10.11.2019 | Türkmenistanda Hasyl toýy dabaraly bellenildi

Şu gün ýurdumyzda türkmen topragynyň rysgal-berekedini, oba hojalyk işgärleriniň zähmetsöýerligini, ekerançylarymyzyň tagallasy bilen ýetişdirilen bol hasyly alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi.


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter