Jemgyýet

Jemgyýet

29.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti täze ýylyň öňýanyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň tamamlanýandygyny we 2017-nji ýylyň ýetip gelýändigini alamatlandyrýan Täze ýyl baýramçylyk çärelerine gatnaşdy.


28.12.2016 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baş arçanyň ýanyndaky dabaralara gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşyp, baýramçylyk çäresine gatnaşýan çagalar bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan ajaýyp dabaralaryň şatlygyny paýlaşdy.


24.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy

BAE-niň Prezidenti şeýh Zaýed bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde Täze ýyl baýramçylyk dabarasy guraldy. Baýramçylygyň esasy nyşany—dürli reňkli öwşün atýan oýnawaçlar bilen bezelen owadan arça öz daşynda köşgüň çagalaryny we terbiýeçilerini hem-de çagalar bilen şatlygyny paýlaşmaga gelen köpsanly myhmanlary ýygnady.


23.12.2016 | Ýaş alymlar merkezi ýaşlaryň ylmy-gözleg işlerini höweslendirer

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlaryň merkezi dörediler.


23.12.2016 | Daşary ýurt döwürleýin neşirlere abuna ýazylyşyk yglan edildi

Türkmenistanda 2017-nji ýylyň birinji ýarymy üçin daşary ýurtlarda çap edilýän döwürleýin neşirlere abuna ýazylyşyk yglan edildi.


23.12.2016 | Türkmenistanda ýurdumyzyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda 2017-2019-njy ýyllarda başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri çözülýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda 2017-2019-njy ýyllarda başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly guramaçylyk we beýleki meseleleri çözmek boýunça Karara gol çekdi.


23.12.2016 | Ýurdumyzyň Baş arçasy dürli öwüşginli yşyklara beslendi

Şu gün ýurdumyzyň Baş arçasy dürli öwüşginli yşyklara beslendi. Ol hemmeleriň söýüp garşylaýan, köp garaşdyran we täsinliklere baý bolan Täze ýyl baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigini alamatlandyrdy.


21.12.2016 | Halkymyzyň beýik ruhy ýörelgelerine eýerip

Şu gün paýtagtymyzdaky “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähinde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň we paýtagtymyzyň köpsanly ilatynyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzyň merkezinde oturdylan S.A.Nyýazowyň ýadygärligine gül goýmak we Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralamak çäresi geçirildi.


21.12.2016 | Türkmenabatda köpugurly welaýat hassahanasynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaý toplumly lukmançylyk şäherjigi gurulýar

Täze lukmançylyk şäherjigi – 836 orunlyk köpugurly welaýat hassahanasy Türkmenabat şäheriniň günorta böleginde bina edilýär. Bu ýerde gurluşyk-gurnama işleri esasan tamamlandy hem-de içki we daşky timarlaýyş işlerine girişildi.


16.12.2016 | Türkmen paýtagtynda täze binalaryň nobatdaky tapgyry ulanmaga berildi

Şu gün paýtagtymyzda Parahat-7 etrapçada täze köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter