Jemgyýet

Jemgyýet

01.09.2015 | Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy geçirilýär

Aşgabat, 1-nji sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda IIM-niň Çagalar awtomobil şäherjigi ýaşlar üçin öz gapylaryny giňden açdy. Ol döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, şu gün badalga alan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň aýdyň wakalarynyň birine öwrüldi. Açylyş dabarasyna awtomobil sportunyň muşdaklary, aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary, hormatly ýaşulular we ýaşlar, şeýle hem bu ýerde ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenjek, awtomobil şäherjiginiň ýaş eýeleri bolan köpsanly çagalar gatnaşdylar.


27.08.2015 | Hünärmenleri taýýarlamagyň täze ugurlary

Elektroenergetika Ýakynda ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine kabul ediş möwsümi tamamlandy. 1-nji sentýabrda 15 müňden gowrak talyplar ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw jaýlaryna dolarlar.


26.08.2015 | Hünär taýýarlygynyň täze ugurlary

5. Aýnanyň we aýna kristallary materiallarynyň himiki tehnologiýasy


21.08.2015 | Türkmen talyplarynyň halkara ders bäsleşiklerinde gazanan nobatdaky üstünligi

Türkmen talyplary Eýran Yslam Respubilkasynyň Hemedan şäherinde geçirilen talyplaryň matematika boýunça 16-njy, himiýa boýunça 8-nji hem-de statistika boýunça 2-nji halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler.


19.08.2015 | Türkmenistanyň döwrebap lukmançylyk ulgamy halkyň saglygynyň goragynda

Dogry bir aý mundan ozal, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni we “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasyebtli pýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda lukmançylyk ulgamynyň täzi iri desgalary gurlup ulanmaga berildi.


19.08.2015 | Türkmenistanda Geňeşleriň agzalygyna we iki saýlaw okrugy boýunça parlamentiň deputatlygyna geçirilen saýlawlaryň jemi jemlenildi

Aşgabat,19-njy awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezii topar Geňeşleriň agzalygyna we iki saýlaw okrugy boýunça milli parlamentiň deputatlygyna geçirilen saýlawlaryň jemini yglan etdi. Saýlawlar 16-njy awgustda açyklyk we aýanlyk, giň bäsleşik esasynda geçirildi.


17.08.2015 | “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy maksatlaryny we wezipelerini düşündirmek we wagyz etmek maksady bilen döredilen, ýurdumyzyň daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekleýin, ylmy- amaly žurnalyň nobatdaky, ikinji sany çapdan çykdy.


15.08.2015 | Ylmy-gumanitar ulgamy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat, 15-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň uly maslahatlar zalynda iş maslahaty geçirildi. Onda döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji awgustda geçiren giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipeleriniň çäklerinde ylmy-gumanitar pudagy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


13.08.2015 | Taryhy-medeni miras—milletiň bahasyz baýlygy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan neşir edilýän “Miras” ylmy köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.


12.08.2015 | Türkmen kenarýakasynda Hazaryň güni bellenildi

Awaza, 12-nji awgust /TDH/. Hazar deňziniň ajaýyp kenarýakasynda şu gün bellenilen Hazar deňziniň güni ajaýyp öwüşgünlere baý boldy. Baýramçylyk çäresi hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Kararyna laýyklykda guraldy. Oňa laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasatyny halkara jemgyýetçiligine giňden ýaýmak hem-de Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça ekologiýa howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmek maksady bilen, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününi dabaraly bellemek tabşyryldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter