Jemgyýet

Jemgyýet

10.11.2016 | Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjynyň hatyrasyna

Aşgabat, 10-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşen seýilgähde garaşsyz Türkiýe Respublikasyny esaslandyran görnükli syýasatçy we döwlet işgäri Mustafa Kemal Atatürküň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy.


09.11.2016 | Türkmenistanda Halkara sergisi we maslahat geçirilýär

Aşgabat, 9-njy noýabr (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Bilim ministrligi, Sport baradaky döwlet komiteti we Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde geçirilýän «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly Halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady.


04.11.2016 | VI Türkmen - german lukmançylyk maslahaty

Aşgabat, 4-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda VI Türkmen - german lukmançylyk maslahaty öz işine başlady. Ol iki dostlukly ýurduň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar.


01.11.2016 | Türkmen manadynyň 23 ýyllygy mynasybetli maslahatlar

Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Merkezi bankynda milli pul birliginiň –manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 23 ýyllygyna gabatlanyp, ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, maliýe-ykdysady ulgamyň düzümleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriň hem-de ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.


30.10.2016 | Medeniýet we sungat—Watanymyzyň egsilmez ruhy baýlygy

Aşgabat, 30-njy oktýabr (TDH). Medeniýet – jemgyýetiň jebisleşdiriji we ruhlandyryjy güýjidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Bu ugur Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň möhüm, ruhy serişdesi hökmünde öňe sürüldi.


29.10.2016 | “Aziada-2017” taslamasy Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Bas Assambleýasynda görkezildi

Düzüminde 2017-nji ýyldaky Aziada taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri bolan türkmen wekiliýeti Indoneziýada, Bali adasynda geçirilen Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) 53-nji Bas Assambleýasyna gatnaşdy.


27.10.2016 | Ata Watanymyzyň goragçylaryna sylaglar gowşuryldy

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün bellenilýän şanly sene – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň çäginde dabaraly harby ýörişe we ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge işjeň gatnaşan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly ýubileý medalyny gowşurmak dabarasy boldy.


26.10.2016 | «Aşgabat» stadionynda geçirilen baýramçylyk dabaralary

Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün «Aşgabat” köpugurly sport toplumynda ýurdumyzda bellenýän iň ajaýyp, iň naýbaşy baýrama—Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan uly baýramçylyk çykyşlary boldy.


24.10.2016 | Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Aşgabat, 24-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze neşir watandaşlarymyza we köpsanly myhmanlara Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy mynasybetli özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, täze kitaby milli Liderimiz geçen hepdede geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara gowşurdy.


24.10.2016 | Aşgabatda dünýä türkmenleriniň ХIХ Maslahaty geçirildi

Aşgabat, 24-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХIХ maslahaty boldy. Ol Türkmenistanyň Prezidenti, bu abraýly halkara uramanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda çagyryldy. Däp bolşy ýaly, Watanymyzyň esasy baýramyna - Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp geçirilýän forumyň işine ýurdumyzyň ähli künjeklerinden, şeýle hem dünýäniň on alty döwletinden, şol sanda Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Şwesiýadan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Saud Arabystanyndan, Eýrandan, Owganystandan, Pakistandan, Belarusdan, Ukrainadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan wekiller gatnaşdylar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter