Jemgyýet

Jemgyýet

29.01.2015 | “Türkmenistanyň daşary syýasatynyň diplomatiýasy” atly žurnalyň täze sany

“Türkmenistanyň daşary syýasatynyň diplomatiýasy” atly ylmy-tejribe žurnalyň geçen ýylyň soňky çärýeginde ýurdumyzyň daşary syýasy durmuşyndaky möhüm wakalara bagyşlanan nobatdaky sany neşir edildi.


25.01.2015 | Türkmenistan gyşky Awstriýany güneşli myhmansöýerligi bilen maýyl etdi

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň Awstriýanyň paýtagtynda guralan “Ferien-Messe Wien” atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşmagy täze işewür gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna we özüne çekiji teklipleriň alşylmagyna beslendi.


22.01.2015 | Owganystana ynsanperwer ýük ugradyldy

Aşgabat, 22-nji ýanwar (TDH). Şu gün ir säher bilen türkmen paýtagtyndan goňşy Owganystana nobatdaky ynsanperwer ýüki ugradyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň serhetýaka etraplarynyň ýaşaýjylaryna kömek hökmünde azyk önümleri we mekdep mebelleri eltiler.


20.01.2015 | Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň demokratik ýörelgelerini pugtalandyryp

Häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi, ýurdumyzyň döwlet-hukuk we jemgyýetçilik ösüşiniň ösüşli başlangyçlaryň we milli maksatnamalaryň iş ýüzünde amal edilmegi, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.


19.01.2015 | Neşesiz jemgyýet ugrunda – bagtyýar durmuş we ajaýyp geljek ugrunda!

19-njy ýanwarda göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow neşekeşlige hem-de neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we kontrabandasyna garşy barlyşyksyz göreşmek boýunça çäreleri güýçlendirmegiň möhümdigi barada aýdyp, hukuk goraýjy edaralaryň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, durmuşa degişli düzümleriň ählisiniň öňünde neşekeşlige hem-de neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we kontrabandasyna garşy göreşmek boýunça anyk wezipeleri goýdy.


17.01.2015 | Adam hukuklaryny berjaý etmek – Türkmenistan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Aşgabat, 17-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.


12.01.2015 | Welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda maslahatlar geçirilip, olarda 2014-nji ýylda ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 9-njy ýanwarda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde we şu gün irden welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda 2015-nji ýyl üçin öňde goýan möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


08.01.2015 | Ýurdumyzyň bilimi: ulgamy ösdürmegiň netijeleri we geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar

Şu günler ýurdumyzyň bilim ulgamynyň edaralarynda geçirilýän mugallymlaryň maslahatlarynda olaryň 2014-2015-nji okuw ýylynyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşylýar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmenistanlylaryň ýaş nesline bilim we terbiýe bermegiň derejesini hem-de hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini netijeli çözmek maksadynda öňdebaryjy tejribe we mugallymçylyk iş usuly seljerilýär.


01.01.2015 | Täze belentliklere tarap ugur alan ýurdumyz, Täze ýylyň gutly bolsun!

Aşgabat 31-nji dekabr — 1-nji ýanwar. (TDH). Türkmenistanlylar täze, 2015-nji ýyly bir bitewi agzybir maşgala bolup garşyladylar. Dürli öwüşginlere beslenen şowhunly we şadyýan dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandy.


01.01.2015 | Döwletliler köşgündäki bagtyýar çagalygyň baýramçylygy

Aşgabat, 1-nji ýanwar (TDH). Täze –2015-nji ýylyň ilkinji güni Döwletliler köşgünde baýramçylyk çäresi geçirildi, oňa bu köşkde terbiýelenýänler gatnaşdylar we olara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter