Medeniýet

Medeniýet

27.06.2019 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

Sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda uly şatlyk-şowhun bilen bellenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde hemişe rowaçlyklary arzuw edýärin!


26.06.2019 | «Medeniýet hepdeligi — 2019» sungatyň täze eserleri bilen baýlaşdy

Welaýatda türkmen jemgyýetiniň ägirt uly döredijilik kuwwatyny beýan edýän hem-de halkymyzyň ruhy durmuşynyň köptaraply öwüşginini görkezýän Medeniýet hepdeliginiň çäreleri dowam edýär.


25.06.2019 | Medeniýet hepdeligi—2019: dördünji gün

Şu günler Magtymguly etraby uly we köpöwüşginli döredijilik baýramçylygyna beslenýär. Şol ýerde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününiň maksatnamasy türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasyny öwrenmek meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahaty, bagşy-sazandalaryň çykyşlaryny hem-de Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konserti öz içine aldy.


24.06.2019 | Medeniýet hepdeligi-2019: üçünji gün

Balkan welaýatynda geçirilýän döredijilik forumynyň şu günki güni mazmun taýdan köpdürlüdir. Onuň maksatnamasyna milli medeniýetimiziň köpdürlüligini açyp görkezýän çäreler goşuldy. Olary taryh we häzirki döwür, gözbaşlar we dowamatlylyk ýaly umumy mazmun bilen birleşdirip bolar.


23.06.2019 | Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi — 2019 çäresi badalga aldy

Şu gün Magtymguly etrabynyň dolandyryş merkezinde «Medeniýet hepdeligi — 2019» çäresiniň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda geçirilýän giň gerimli döredijilik forumy halkymyzyň ruhy baýlygyny gorap saklamaga we artdyrmaga gönükdirilendir.


22.06.2019 | Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

Sizi Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilikli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!


18.05.2019 | Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň hormatyna aýdym-sazly dabaralar

Şu gün paýtagtymyzyň gözel ýerinde, açyk asmanyň astynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ählihalk baýramçylygyna bagyşlanan döredijilik agşamy — dabaraly konsert geçirildi.


16.05.2019 | Türkmenistanda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV forumy öz işini tamamlady

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV forumy öz işini tamamlady.


15.05.2019 | Türkmenistanda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy geçýär

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy öz işine başlady.


21.04.2019 | Türkmenistanda Saud Arabystanynyň Medeniýet günleri tamamlandy

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy, ol Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter