Medeniýet

Medeniýet

17.03.2017 | Halkara Nowruz baýramy mynasybetli esasy dabaralar 21-nji martda Mary şäherinde geçiriler

Halkara Nowruz baýramy mynasybetli esasy dabaralar 21-nji martda Mary welaýatynyň merkezindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçiriler.


10.03.2017 | 10-14-nji martda Katar Döwletinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

10-14-nji martda Katar Döwletinde Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek bellenildi. Döredijilik çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň sahna ussatlarynyň konsertini, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň, Garaşsyz Türkmenistanyň dürli ugurlarda gazanan üstünliklerine, Aşgabat şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna bagyşlanan neşir önümleriniň sergisini, iki ýurduň döredijilik işgärleriniň duşuşygyny guramak, türkmen kinofilmlerini görkezmek meýilleşdirilýär.


26.02.2017 | Türkmenistanyň medeniýet we maglumatlar syýasatynyň esasy ugurlary kesgitlenildi

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, syýahatçylyk pudagynyň ýolbaşçylary şu gün maslahat geçirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu pudaklaryň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça ilkinji nobatdaky çäreleriň maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.


19.02.2017 | Paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk konserti boldy

Paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk konserti boldy.


10.02.2017 | Türkmenistanyň neşirýat önümleri Minskide halkara kitap sergi-ýarmarkasynda görkezildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy 8-nji fewralda belarus paýtagtynda açylan XXIV Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşýar.


08.02.2017 | Aşgabatda bilelikdäki konsert Eýranyň Medeniýet hepdeligini tamamlady

Paýtagtymyzdaky “Watan” kinokonsert merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy hem-de türkmen we eýran sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy.


06.02.2017 | Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet hepdeligi açyldy

Paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeligi açyldy. EYR-niň Aşgabatdaky ilçihanasynyň medeniýet merkezi hem-de ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler.


26.01.2017 | Türkmen obasynyň täze durmuşy barada çeper film surata düşürildi

Türkmen telewideniýesi üçin täze “Ak ýaýlanyň aýdymy” atly sazly çeper film tomaşaçylara oba durmuşynyň özboluşly jümmüşine aralaşmaga mümkinçilik berdi, oba ýerinde gadymy däp-dessurlar saklanyp galýar, ýaşaýşyň milli ýörelgelerine uly sarpa goýulýar. Bu zatlaryň ählisi häzirkizaman obasynyň täze türkmen nusgasynda beýan edilýär.


16.01.2017 | Aşgabatda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygyna bagyşlanylan bilelikdäki kosert

Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazla-darama teatrynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp türkmen we hytaý sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçirildi.


06.01.2017 | Ýanwar ýynda täze ýyl dabaralaryndan hem-de ýaş zehinleriň bäsleşiklerinden ybarat wakalara baý bolar

Ýanwar aýy medeni wakalara baý bolar. 10-njy ýanwara çenli Söwda-senagat edarasynda, “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde, Gökderedäki çagalar sagaldyş –dynç alyş merkezlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda çagalaryň gatnaşmagynda Täze ýyl baýramçylyk dabaralary dowam etdiriler. Döwlet sirkinde Russiýa Federasiýasyndan gelen sirk artistleriniň çykyşlary dowam edýär.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter