Medeniýet

Medeniýet

24.06.2015 | Medeniýet hepdeligi—2015: üçünji gün

Türkmenabat, 24-nji iýun (TDH). Amyderýa kenaryndaky şäherde geçirilýän uly medeniýet baýramçylygy depginli häsiýetde dowam edýär. Döredijilik forumynyň bu günki güni örän köp dürli görnüşe eýe bolup, çäreleriň birnäçesini – “Türki halklaryň ruhy-medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahatynyň açylmagyny, Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň “Seýdi” atly sahna oýnunyň ilkinji gezek görkezilişini, halk sazandalarynyň bilelikdäki çykyşlaryny, şeýle hem Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konserti özünde jemledi. Şäher düzüminiň täze desgalarynyň açylmagy mynasybetli dabaralar medeniýet hepdeligine özboluşly ajaýyp öwüşgin çaýdy.


23.06.2015 | Medeniýet hepdeligi – 2015: ikinji gün

Türkmenabat, 23-nji iýun (TDH). Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän we türkmen medeniýetiniň, sungatynyň hem-de edebiýatynyň okgunly ösmegine saldamly goşant goşýan Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni giň möçberli medeni-köpçülikleýin çärelere beslendi. Medeniýet hepdeligi halklaryň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam edip, medeniýet we sungat işgärlerini Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyklykda döretmäge ruhlandyrýar.


23.06.2015 | Türki halklaryň sungat ussatlarynyň konserti

Mary, 23-nji iýun (TDH). 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň paýtagty diýlip yglan edilen Mary şäheriniň Ruhyýet köşgünde şu gün ýurdumyzyň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde türki halklaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Daşary ýurtlardan bu aýdym-saz baýramçylygyna Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Gazagystandan, Özbegistandan we Russiýa Federasiýasynyň iki sebitinden- Başkortostandan we Tatarystandan aýdymçylar, sazandalar hem-de kompozitorlar gatnaşdylar.


22.06.2015 | Lebap welaýaty döredijilik forumyna gatnaşyjylary kabul edýär

Türkmenabat, 22-nji iýun (TDH). Şu gün bu ýerde, Amyderýanyň kenaryndaky şäherde, Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Medeniýet hepdeliginiň badalga almagyny alamatlandyran dürli öwüşgünli dabaralar boldy. Ol eýýäm ýurdumyzda üçünji gezek geçirilýär. Milli Liderimiziň bu başlangyjy döredijilik işjeňligini hem-de milli medeniýetimiziň has-da gülläp ösmegini höweslendirmäge, ony dünýäde giňden wagyz etmäge hem-de dünýäniň medeni giňişligine goşulmagyna gönükdirilendir.


17.06.2015 | Halkara maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiligini öwrenýärler

Mary, 17-nji iýun (TDH). Şu gün “Syýahatçylyk — parahatçylygyň ilçisi we gatnaşyklaryň çeşmesi” atly halkara maslahatyna gatnaşyjylar onuň işiniň netijelerini jemlediler. Maslahatyň barşynda syýahatçylyk babatda dünýädäki ýagdaýlar hem-de köptaraply hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň syýahatçylyk toplumyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.


16.06.2015 | Türkmenistanyň Mary şäheri - 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty syýahatçylyk forumyna gatnaşyjylary garşylaýar

Mary, 16-njy iýun (TDH). Şu gün Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde “Syýahatçylyk –parahatçylygyň ilçisi we gatnaşyklaryň çeşmesi” atly halkara maslahaty açyldy, oňa dünýäniň 20-ä golaý ýurdundan syýahatçylyk we dynç alyş ulgamynyň hünärmenleri gatnaşýar. Ispaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, Bolgariýanyň, Çehiýanyň, Slowakiýanyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Türkiýäniň, ABŞ-nyň, Awstraliýanyň, Täze Zelandiýanyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri bu ýere ýygnandylar.


29.05.2015 | Horwatiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy

Horwatiýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Şu hepdäniň birnäçe günleriniň dowamynda medeni çäräniň maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň döredijilki toparlary, medeniýet we sungat işgärleri, meşhur aýdymçylary we sazandalary horwatiýalylara türkmen halkynyň aýdym-saz, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, şeýle hem edebiýatynyň we halk döredijiliginiň köp öwüşginliligi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi.


29.05.2015 | Halklaryň arasyndaky medeni-ruhy gatnaşyklary ösdürmegiň bähbidine

Mary, 29-njy maý (TDH). Şu gün Mary welaýatynyň merkezinde “Gadymy Merw—türki dünýäsiniň medeni merkezi” atly halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady. Welaýat kitaphanasynyň maslahatlar zalynda onuň ýapylyş dabarasy boldy. Dabarada bu möhüm forumyň işiniň jemleri jemlendi.


28.05.2015 | Gadymy Merw — türki dünýäsiniň medeni merkezi

Mary, 28-nji maý (TDH). Şu gün Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda “Gadymy Merw — türki dünýäsiniň medeni merkezi” atly halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Bu maslahat Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň çäklerinde geçirilýär.


26.05.2015 | Türkmen-horwat medeni gatnaşyklary

Zagreb, 26-njy maý /TDH/. Şu gün Horwatiýa Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu medeni çäre ýurtlaryň arasyndaky ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň dowamy bolup durýar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter