Medeniýet

Medeniýet

30.08.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni mi­ra­sy — adam­za­dyň baý­ly­gy

Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let mu­ze­ýin­de hal­ky­my­zyň baý ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­ny dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne wa­gyz et­me­giň me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan çä­re ge­çi­ril­di. Ara alyp mas­la­hat­laş­ma­la­ra ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri, bel­li alym­lar, sun­ga­ty öw­re­ni­ji­ler, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň iş­gär­le­ri hem-de ta­lyp ýaş­lar gat­naş­dy­lar.


18.08.2018 | “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Yaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi, ol her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde guralýar.


10.07.2018 | Türkmen gimnastikaçysy «Aziýanyň ýaňy» festiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde 4 — 8-nji iýulda geçirilen “Aziýanyň ýaňy” atly sirk sungatynyň XI halkara festiwalynda Türkmenistanyň wekili kümüş baýraga mynasyp boldy.


09.07.2018 | «Miras» žurnaly: milli medeni miras wagyz edilýär

Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň her çärýekde çykýan ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň birinji sany 2018-nji ýyl üçin neşiriň sanlarynyň tapgyryny açýar, ol öz sahypalarynda halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasy barada söhbet edýär.


07.07.2018 | «Ýüpek ýoly — ýürek ýoly» teatr festiwalynyň netijeleri jemlendi

Türkmenistanyň Baş drama teatrynda «Ýüpek ýoly — ýürek ýoly» atly teatr festiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy. Oňa Medeniýet ministrliginiň wekilleri, paýtagtymyzyň we welaýat teatrlarynyň döredijilik toparlary gatnaşdylar.


01.07.2018 | Ýurdumyzyň teatrlarynyň festiwaly - sahna sungatynyň gözden geçirilişi

Şu gün Türkmenistanyň Baş drama teatrynda ýurdumyzyň teatrlarynyň “Ýüpek ýoly — ýürek ýoly” atly festiwaly açyldy.


27.06.2018 | Medeniýet hepdeligi — 2018: dabaraly jemlenme

Türkmenistan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi belleýär. Ahal jülgesinde, “Nowruz ýaýlasynyň ak öýünde” Medeniýet hepdeligi — 2018-iň ýapylyş dabarasy hem-de bu baýramçylyk mynasybetli sungat ussatlarynyň gala-konserti boldy.


27.06.2018 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

Sizi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda ilkinji gezek bellenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.


26.06.2018 | Magtymguly adyndaky teatryň sahnasynda — “Hüýrlukga — Hemra” operasy

Medeniýet hepdeliginiň bäşinji gününiň çäklerinde Ahal welaýatynyň Änew şäherinde “Küşt depip, gazal aýdyp...” atly konsert geçirildi. Onda ýurdumyzyň folklor we tans toparlarynyň çykyşy boldy. Bu çäräniň maksady aýdym we tans däplerini, ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni gymmatlygynyň sanawyna girizilen küştdepdini giňden wagyz etmekden ybaratdyr.


25.06.2018 | Medeniýet hepdeligi - 2018

«Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygaryna beslenip geçirilýän Medeniýet hepdeligi aýdyň öwüşginli wakalary bilen watandaşlarymyzyň hem-de ýurdumyzyň myhmanlarynyň uzak wagtlar ýadynda galar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanylan iri möçberli döredijilik çäresi duşuşyklaryň, konsertleriň, sergileriň we maslahatlaryň uly baýramçylygyna öwrüldi. Onuň baş maksady türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny, onuň özboluşly ýörelgelerini we gadymy gymmatlyklaryny wagyz etmekden ybaratdyr.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter