Sport

Sport

01.05.2017 | Ýurdumyzyň iň belent nokadyndan çuň nokadyna çenli syýahat: Aziada-2017-niň nyşany—Akjagaýada

Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylyna bagyşlanylan watançylyk çärä gatnaşyjylar ýörişiň barşynda Aziada-2017-niň nyşany bilen Türkmenistanyň her bir welaýatynyň ajaýyp künjeklerine baryp gördüler. Döwlet habarlar agentligi hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komiteti bu çäräniň guramaçylary boldular. Çäre Aziýanyň we Okeaniýanyň iň gowy türgenleriniň gatnaşmagynda güýzde paýtagtymyzda geçiriljek iri möçberli ýaryşlary ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerinde wagyz etmäge ýardam berer.


30.04.2017 | Türkmen kikboksçylary — umumy toparlaýyn çykyşlaryň ýeňijileri

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň Söweş sungatlary toplumynda Kikboksing boýunça Aziýa çempionaty tamamlandy. Onda türkmen türgenleri umumy toparlaýyn çykyşlarda birinji orny eýelediler. Watandaşlarymyz altyn medallaryň 27-sini, kümüş medallaryň 25-sini we bürünç medallaryň 23-sini gazandylar.


29.04.2017 | Agyr atletikaçynyň altyn medaly we kikboksingçileriň uly üstünligi

Türkmen türgeni Hojamuhammet Toýçyýew paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde geçirilýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň soňky güni 105 kilogramdan ýokary agram derejesinde tapawutlanyp, bir altyn we iki kümüş medal gazandy. Kikboksing boýunça yklym derejeli ýaryşlarda bolsa biziň türgenlerimiz umumy toparlaýyn hasapda öňde barýarlar.


26.04.2017 | Kikboksingiň milli mekdebiniň wekilleri Aziýa çempionatynyň birinji gününi üstünlikli tamamladylar

Kikboksing boýunça bäsleşikleri 17 ýurtdan – Koreýa Respublikasyndan, Hindistandan, Malaýziýadan, Iordaniýadan, Siriýadan, Nepaldan, Yrakdan we beýlekilerden 300-e golaý türgen gatnaşýar. Ýaryşlar alty ugur point-paýting, semi-kontakt, kik-laýt, lou-kik, full-kontakt we ýekelikde ýerine ýetirilýän maşklar boýunça geçiriler.


26.04.2017 | Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň dördünji guni biziň toparyrmyz iki kümüş we bir bürünç medala eýe boldy

Medallar halkara derejeli sport ussady Rejepbaý Rejebow mynasyp boldy, ol 77 kilograma çenli agram derejede çykyş etdi. Agamyrat Janmyradowyň şägirdi silkin götermek usulynda 158 kilogram agramy göterip, netijede iki usulyň jemi boýunça 343 kilogram görkeziji bilen ikinjiorny eýeledi. Itekläp götermekde ol 185 kilogram bilen bürünç medaly eýeledi.


26.04.2017 | Halkara ahalteke atçylyk- sport toplumynda konkur boýunça ýaryşlar geçirildi

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda päsgelçiliklerden geçmek –konkur boýunça ýaryşlar geçirildi. Ýaryşlary “Türkmen atlary” döwlet birleşigi, Sport baradaky döwlet komiteti we Milli atly sport merkezi bilelikde guradylar.


26.04.2017 | Köpetdag şaýolunyň ugry boýunça atly marafon geçirildi

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybteli çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň günorta çäklerindäki dag jülgesinden geçýän Köpetdag şaýolunyň ugrunda däp bolan uzak aralyga atly –marafon ýaryşlar geçirildi. Ýaryşlary“Türkmen atlary” döwlet birleşigi, Sport baradaky döwlet komiteti we Milli atly sport merkezi bilelikde guradylar.


25.04.2017 | Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň üçünji güni medallaryň toplumynyň ikisi ugrunda güýç synanyşyldy

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda geçýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň üçünji güni zenanlaryň arasynda 63 kilograma çenli hem-de erkekleriň arasynda 69 kilograma çenli iki görnüşde medallar ugrunda bäsleşildi.


24.04.2017 | Türkmen agyr atletikaçylarynyň iki bürünç medaly

Olimpiýa şäherjiginde agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty dowam edýär. Şu gün, ýaryşlaryň ikinji güni zenanlaryň arasynda iki agram derejesinde bäsleşikler geçirildi, şunda Türkmenistanyň topary iki bürünç medala eýe boldy. Medallaryň ikisini hem 53 kilograma çenli agram derejede çykyş eden Kristina Şermetowa gazandy.


23.04.2017 | Aziýanyň iň güýçli agyr atletikaçylary türkmen paýtagtyna ýygnandy

Şu gün Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary toplumynda agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty badalga aldy. Oňa Ýaponiýadan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, KHDR-den, Omandan, Kuweýtden, Iordaniýadan, Siriýadan, Yrakdan — jemi 30-dan gowrak ýurtdan agyr atletikaçylaryň 200-e golaýy gatnaşýar. Ýaryşlaryň ilkinji gününiň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzasy Ýulduz Jumabaýewa iki bürünç medala mynasyp boldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter