Sport

Sport

07.04.2017 | “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda iri sport toplumy açyldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazaryň kenar ýakasyndaky Bütindünýä saglyk gününde iri sport toplumy açyldy.


07.04.2017 | WADA bilen toplumlaýyn hyzmatdaşlyk türkmen sportunyň arassalygyny saklamaga ýardam eder

Türkmen sportunyň arassalygyny saklamak hem-de sportda dopingiň ulanylmagyna garşy göreşi utgaşdyrmak üçin Türkmenstanda Bütindünýä doping agentligi bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak işlerine girişildi. Bu barada şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada halkara sport kongresinde beýan etdi.


07.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti karate-do-nyň 10-njy danyna mynasyp boldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport hereketini we bu ulgamda hymatdaşlygy ösdürmäge goşan ajaýyp goşandy üçin karate-do-nyň 10-njy danyna mynasyp boldy.


05.04.2017 | Awazada Aziada-2017-ä bagyşlanan Halkara sport kongresi geçiriler

2017-nji ýylyň 7-nji aprelinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresi geçiriler. Forumyň guramaçylary bolup Sport baradaky döwlet komiteti, VAziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet we Türkmenistanyň DIM çykyş edýär.


03.04.2017 | Ýaş türkmen küştçimiz Aziýa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi

Türkmen türgenleri Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçýän 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempionatynda bürünç medala mynasyp boldular. Bu baýragy Leýli Şöhradowa gazandy. Ol 10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda “rapid” görnüşinde çykyş edip, şeýle üstünlige mynasy boldy.


30.03.2017 | Türkmen woleýbolçylary Aziýanyň merkezi sebitiniň çempionatynyň kümüş baýragynyň eýeleri

Türkmenistanyň woleýbol boýunça ýygyndy topary şu günler Maldiw Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen Aziýanyň merkezi sebitiniň üçünji çempionatynyň kümüş medallaryny eýeledi. Türgenlerimiz jemleýji duşuşykda Gyrgyzystanyň topary bilen bäsleşdi. Çekeleşikli bäsleşigiň barşynda ýurdumyzyň woleýbolçylary baş baýragyň eýesi bolan garşydaşlaryndan asgyn geldiler.


29.03.2017 | Gylyçlaşmak boýunça ussat türgenlerimiz “Alatau gylyçlary” ýaryşynda ýene bir medala eýe boldular

Gazagystanda geçýän “Alatau gylyçlary” atly gylyçlaşmak boýunça halkara ýaryşda ildeşimiz Ahmet Agaýew erkekleriň arasynda “şpaga” agyr söweş ýaragynda gylyçlaşmak boýunça ýaryşda bürünç medaly eýeledi.


27.03.2017 | Duşak dagy boýunça belentlikdäki ýaryş skaýranning möwsümini açdy

Köpetdag ulgamynyň Duşakerekdag (2482 m.) gerşine ylgaw ýaryşy bilen skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berildi. Ine, eýýäm üçünji ýyl alpinizmiň bu gyzykly görnüşi boýunça Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan geçirilýän Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş “Agama” we “Mert” alpinistler klublarynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň häkimliginiň ýardam bermegi bilen geçirilýär.


27.03.2017 | Gylyçlaşmak boýunça “Alatau gylyçlary” halkara ýaryşynda türkmenistanlylar üstünlikli çkyş edýärler

Almaty şäherinde (Gazagystan) gylyçlaşmak boýunça “Alatau gylyçlary” atly halkara ýaryşyna badalga berildi. Ol ýerde ildeşlerimiz “Rapira” görnüşinde (ýeňil türgenleşik ýaragy) altyn we iki bürünç medal gazanmagy başardylar.


27.03.2017 | Budapeştde geçirilen ýaryşda türkmen küştçileri iki altyn we bir kümüş medaly aldylar

“Budapest Spring Festiwal” atly küşt boýunça halkara ýaryşynda türkmen türgenleri üç baýraga – iki altyn we kümüş medallara mynasyp boldular. Bu her ýyl geçirilýän ýaryşa 40 ýurtdan 140-a golaý küştçi gatnaşdy. Olar şweýsar ýaryş usuly boýunça dokuz tapgyryň dowamynda öz aralarynda bäsleşdiler.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter