Sport

Sport

27.03.2017 | Kikboksing boýunça türkmen türgenleri Rigada halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler

Latwiýanyň paýtagty Rigada geçen iri halkara ýaryşynda kikboksingçi ussatlarymyz hem ajaýyp üstünlik gazandylar. Bu ýaryşda türkmen türgenleri “Full-kontakt” görnüşi boýunça umumytoparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler hem-de bu görnüşde altyn medallaryň dokuzysyny, kümüş medallaryň üçüsini we bürünç medallaryň birini gazandylar.


27.03.2017 | Türkmenistanlylar garyşyk başa-baş göreş boýunça dünýä çempionatynda ýedi altyn medala eýe boldular

Garyşyk başa-baş göreş boýunça Antaliýa (Türkiýe) şäherinde geçen dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde sport ussady Şöhrat Allaýew örän gowy netije görkezdi. Dünýäniň 40 ýurdundan 1000-den gowrak türgeni özünde jemlän bu ýaryşda Söweş sungatlary milli federasiýasynyň (hanmudo) tälimçisi Ş.Allaýew dört gezek hormat münberine çykdy.


27.03.2017 | Türkmen woleýbolçylary Aziýanyň merkezi sebitiniň çempionatynyň finalyna çykdylar

Maldiw adalarynda 22-nji martda woleýbol boýunça Aziýanyň merkezi sebitiniň üçünji çempionatynyň oýunlary başlandy. Biziň toparymyz ýaryşyň final bölegine çykdy. Indi ildeşlerimiz bu abraýly ýaryşyň altyn medaly ugrunda göreşerler.


26.03.2017 | Türkmen futbolçylarynyň ýeňşi

Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndy topary Hytaýyň Taýpeý toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. Bu bäsleşik 2019-njy ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň toparlaýyn tapgyrynyň üçünji aýlawynyň çäklerinde geçirildi.


25.03.2017 | Ýaşajyk türkmen konkiçisi Grazda Bütindünýä gyşky ýörite olimpiýa oýunlarynda altyn medala mynasyp boldy

Awstriýanyň Graz şäherinde geçirilen Bütindünýä gyşky ýörite olimpiýa oýunlarynda 100-den gowrak ýurtdan 2700-e golaý türgenler medallar ugrunda bäsleşdiler.


25.03.2017 | Moskwada geçirilen sambo boýunça dünýäniň kubogy ugrundaky ýaryşlarda türmen türgenleri ýedi medala eýe boldular

Moskwada “A.Harlampiýewiň ýadygärligine” bagyşlanan sambo boýunça dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda biziň ildeşlerimiz ýedi medala eýe boldular.


24.03.2017 | V Aziýa oýunlarynyň senasynyň iň gowy görnüşini seçip almak boýunça bäsleşik yglan ediler

Şu gün geçirlen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz V Aziýa oýunlarynyň senasyny taýýarlamak boýunça döredijilik işgärleriniň arasynda degişli bäsleşigi yglan etmek barada tabşyryklary berdi hem-de aprel aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek köpçülikleýin medeni çärelerde Aziadanyň senasynyň görnüşleriniň ýerine ýetirilip başlanmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.


24.03.2017 | 7-nji aprelde Awazada «Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy»atly halkara sport kongresi geçirler

7-nji aprelde Awazada «Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy»atly halkara sport kongresi geçirler.


19.03.2017 | Türkmen gyzlary jiu-jitsu boýunça Afinyda geçen dünýä çempionatynyň baýrak eýeleri boldular

Şu gün Gresiýanyň paýtagtynda ýetginjekleriň arasynda jiu-jitsu boýunça dünýä çempionaty tamamlandy. Şonda türkmen türgenleri oňat netije görkezip, dört medal—altyn, kümüş we iki bürünç medal gazandylar. Olar bu üstünliklere “ne-waza” görnüşinde (ýapon söweş sungatynyň göreş görnüşi) mynasyp boldy.


17.03.2017 | “Dagyň depesine çykmak” taslamasy ýylyň esasy sport wakasyna çenli ýarym ýylyň galandygyny belledi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan bilelikde guralan “Dagyň depesine çykmak” taslamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň Döwlet tugy Türkmenistanyň dag gerişlerine çykarylýar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter