Sport

Sport

24.02.2017 | 7-nji aprelde Aziada-2017-ä taýýarlyk görülmegine bagyşlanylan halkara maslahatyny geçirmek maksat edinilýär

7-nji aprelde öňde boljak V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülmegine bagyşlanylan halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirildi. Aziada–2017-niň maksatnamasyna girizilen sportuň ähli görnüşleriniň olimpiýa federasiýalarynyň wekilleri maslahata gatnaşmaga çagyrylar.


24.02.2017 | Türkmen hokkeýçileri Ýaponiýada gyşky Aziadanyň finalyna çykdylar

Türkmenistanyň ýygyndysy VIII gyşky Aziýa oýunlarynyň çäklerinde geçirilýän ikinji diwizionyň hokkeý ýaryşlarynyň finalyna çykdy. Ildeşlerimiz üçünji oýunda Indoneziýanyň toparyndan hem üstün çykyp (12:2), “B” toparda öňdeligi eýelediler. Munuň özi olara yklym derejesindäki abraýly ýaryşlaryň birinji diwizionyna çykmak ugrunda göreşmäge hukuk berdi.


21.02.2017 | Türkmen uşu ussatlary Russiýada üç medala eýe boldular

“Moskwa ýyldyzlary—uşu—2017” atly III halkara ýaryşy geçirilýär, onda türkmen türgenleri üç medala—bir kümüş we iki bürünç medala mynasyp boldular.


21.02.2017 | Türkmen hokkeýçileriniň Ýaponiýada gazanan ikinji ýeňşi

Sapporoda geçirilýän VIII gyşky Aziýa oýunlarynda şeýle derejeli ýaryşda ilkinji gezek çykyş edýän türkmen hokkeýçileri yzly-yzyna ikinji gezek üstünlik gazandylar. Bu gün Baýram Allaýarowyň tälim berýän türgenleri Makaonyň ýygyndy toparyny 16:0 hasabynda utup, “B” toparda birinjiligi saklaýar.


20.02.2017 | Türkmen kikboksçylary Helsinkidäki ýaryşda 11 medal gazandylar

Halkara derejesindäki iri ýaryşlarda kikboksingiň türkmen ussatlary nobatdaky uly üstünligi gazandylar. Bu gezek olar Helsinki şäherinde (Finlýandiýa) geçen ýaryşda tapawutlanyp, 11 medal gazandylar. Şolaryň ýedisi altyn, biri kümüş we üçüsi bürünç medallardyr.


19.02.2017 | Türkmenistanyň ýygyndy topary - Tailandda jiu-jiutsu boýunça iri ýaryşlaryň ikisiniň netijeleri boýunça umumytoparlaýyn ikinji orunda

Şu gün Tailandyň paýtagtynda sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça “Grand Slam” halkara ýaryşy hem-de ýetginjekleriň we ulularyň arasyndaky dünýä Kubogyny almak ugrundaky ýaryşy tamamlandy. Biziň watandaşlarymyzyň görkezen çykyşlary üstünlikli boldy: ýurdumyzyň sportda gazananlarynyň üsti medallaryň 44-si bilen ýetirilip, olaryň 11-si altyn, 18-si kümüş we 15-si bürünç medallardan ybarat boldy. Bu görkeziji umumy toparlaýyn çykyşlarda Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ikinji orna çykardy.


18.02.2017 | Hokkeý boýunça milli ýygyndy topary Sapporodaky VIII gyşky Aziýadada ynamly ýeňiş bilen başlady

Bu ýerde gyşky oýunlar boýunça VIII Aziýa oýunlary badalga aldy, oňa ilkinji gezek hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary hem gatnaşýar. Biziň türgenlerimiz Malaýziýanyň toparyndan 9:2 hasabynda üstün çykyp, ýaryşy şowly başladylar.


18.02.2017 | Tailandda iri iki ýaryşyň birinji güni jiu-jitsu boýunça türkmen ussatlarynyň örän uly ýeňşine beslendi

Tailandyň paýtagtynda sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça “Grand Slam” halkara ýaryşyna we ýetginjekleriň arasyndaky dünýä Kubogyny almak ugrundaky ýaryşa badalga berildi. Biziň watandaşlarymyzyň ýaryşyň birinji güni görkezen çykyşlary üstünlikli boldy: Türkmenistanyň sportda gazananlarynyň üsti medallaryň 29-sy bilen ýetirilip, olaryň 6-sy altyn, 9-sy kümüş we 14-si bürünç medallardan ybarat boldy.


17.02.2017 | Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Aziada-2017-niň nyşany ýurdumyzyň iň belent nokadynda!

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi hem-de V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guralan “Dagyň depesine çykmak” taslamasy özüniň maksadyna ýetdi: eziz Watanymyzyň baýdagy hem-de Aziada-2017-niň nyşany ýurdumyzyň iň belent nokadyna – Aýrybaba gerişine galdyryldy.


16.02.2017 | “Dagyň depesine çykmak” saparynyň taslamasy deňiz derejesinden ýokarda 2500 metr belentlige ýetdi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) we V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde ekspedisiýa dowam edýär. Sport – watançylyk çäresi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň hormatyna guraldy hem-de Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylyna bagyşlanýar: milli Tugumyz we Aziada-2017-niň nyşany ýurdumyzyň iň belent nokadyna – Aýrybaba gerşine ýetiriler.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter