Sport

Sport

27.12.2016 | Agyr atletikaçylaryň üstünlikleri

Köpugurly “Aşgabat” sport toplumynda agyr atletika boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçirildi, oňa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden 100-e golaý türgen gatnaşdy. Sport baradaky döwlet komitetiniň we Agyr atletika boýunça milli federasiýanyň guran bu birinjiliginiň jemleri boýunça Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparymyzyň deslapky düzümi saýlanyp alnar.


24.12.2016 | Sport institutynda täze fakultet açylar

Şu gün Türkmen Milli sport we syýahatçylyk institutynyň maslahatlar zalynda mejlis geçirildi. Onuň esasy meselesi ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýokary okuw mekdebiň enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak hem-de onda täze fakulteti açmak hakynda gol çeken kararynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.


22.12.2016 | Türkmen welosipedçileri esasy ýaryşlara taýýarlanýar

Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň ýapyk welosiped meýdançasynda welosiped ýaryşlary boýunça geçirilen saýlama bäsleşiklerde milli ýygyndynyň deslapky düzümi kesgitlenildi. Ýygyndy topar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň medallary ugrunda bäsleşer.


20.12.2016 | Sport tanslary boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzümi kesgitlenildi

Şu gün paýtagtymyzdaky “Galkynyş” sport toplumynda Aziada-2017-niň saýlama ýaryşlarynyň çäklerinde sport tanslary boýunça ýaryşlar geçirildi. Onuň netijeleri boýunça Ýapyk binalarda we söweş sungatý boýunça V Aziýa oýunlarynda çykyş etjek milli ýygyndynyň düzümi döredildi.


19.12.2016 | Türkmen kikboksçylarynyň üstünligi

Türkmen kikboksçylary iri halkara ýaryşynda nobatdaky gezek uly üstünlik gazandylar. Bu gezek ildeşlerimiz Estoniýanyň paýtagty Tallinde geçen ýaryşda 14 medal (dokuz altyn, üç kümüş we iki bürünç) gazanmak bilen tapawutlandylar.


18.12.2016 | Aşgabatly türgenleriň tapawutlanmagy

Geçen hepde sport wakalaryna baý boldy. Olaryň hatarynda Aşgabatda geçen basketbol (3X3 görnüşli) we bilýard boýunça Türkmenistanyň açyk çempionatlarynyň ikisini, şeýle hem Gubadag şäherinde geçen kabaddi boýunça Daşoguz welaýatynyň açyk çempionatyny görkezmek bolar.


16.12.2016 | “Ahal”—futzal boýunça Türkmenistanyň çempiony

“Ahal” topary milli birinjiligiň jemleri boýunça futzal boýunça Türkmenistanyň çempiony diýen ada eýe boldy. Sylap Seýdiýewiň we Serdar Ataýewiň tälim berýän türgenleri Aşgabadyň çempiony, ýurdumyzyň Jemagat hojalygy ministrliginiň topary “Bagtyýarlykdan” 2:1 hasabynda üstün çykyp, ilkinji gezek bu ada mynasyp boldular.


14.12.2016 | Skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş tamamlandy

Skaýranning boýunça (iňlis dilinden terjime edilende “Belentlikdäki ylgaw” diýmegi aňladýar) Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň jemi jemlenildi. 2016-njy ýylda ýeňijileri iň soňky bäşinji tapgyr kesgitledi. Bu ýaryş paýtagtymyzyň Çandybil şaýolundan Saglyk ýolunyň gündogar bölegi boýunça “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezine çenli 18 kilometrden gowrak aralyga geçirildi. Ýolda yzygiderli inişleriň we ýapyýokary bölekleriň bolandygy sebäpli, başlangyç pelleden ahyrky pellehana çenli türgenler 1320 metr belentlige galmaly bolýarlar. Ylgaw Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Arçabil etrap häkimligi tarapyndan guraldy.


11.12.2016 | Türkmenistanyň ýygyndysy—umumytoparlaýyn hasapda ýeňiji!

Şu gün Olimpiýa şäherjiginiň Söweş sungatlary sport toplumynda jiu-jitsu boýunça Aziýanyň çempionaty tamamlandy.Ýaryşyň birinji gününde ýurdumyzyň türgenleri medallaryň 16-syny (üç altyn, dört kümüş we dokuz bürünç) eýeläp, umumytoparlaýyn hasapda öňe saýlanypdy. Ýaryşyň dowamynda türkmen türgenleri bu baýraklaryň üstüne ýene-de medallaryň 17-sini (üç altyn, bäş kümüş we dokuz bürünç) goşdular hem-de öňdäki orny özünde sakladylar.


11.12.2016 | Ýaş küştçüsiniň üstünligi

Russiýanyň Soçi şäherinde 7 ýaşdan 17 ýaşa çenli mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça dünýäniň çempionaty geçirildi. Bu ýaryşda türkmen küştçüsi Saparmyrat Atabaýew altyn medala mynasyp boldy. Ildeşimiz 17 ýaşa çenli toparda şeýle üstünlik gazandy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter