Sport

Sport

23.08.2015 | Turkmen uşuçylary dünýä çempionatyna taýýarlyk görýärler

Aşgabat, 23-nji awgust (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport toplumynda uşu boýunça ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşyň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelän türgenler kesgitlenildi. Bu ýaryş bilen bilelikde ýakyn wagtlarda dünýä çempionatynda Watanymyzyň sport abraýyny goramaga erkekleriň we zenanlaryň arasynda saýlama ýaryş hem geçirildi.


12.08.2015 | Türkmen pälwanlarynyň ýedi medaly

Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde golaýda geçen alyş göreşi boýunça Aziýanyň çempionatynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda türkmen türgenleri 3 altyn we 4 bürünç medal gazandylar.


27.07.2015 | “Taipei-2015” atly Aziýanyň açyk ýaryşynda türkmen dzýudoçy gyzynyň altyn medaly

Türkmen türgeni Gülbadam Babamyradowa Taýwanda tamamlanan dzýu-do boýunça “Taipei-2015” atly Aziýanyň açyk ýaryşynda altyn medala mynasyp boldy. Lebaply 23 ýaşly halkara derejeli sport ussady 52 kilograma çenli agram derejesinde şeýle ajaýyp üstünlik gazandy.


09.07.2015 | Türkmen uşuçylarynyň nobatdaky üstünligi

Biziň türgenlerimiz golaýda Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde geçirilen uşu söweş sungaty boýunça 8-nji halkara ýaryşynda uly üstünlige eýe boldular: Türkmenistanyň sport gazananlarynyň üsti sekiz medal bilen ýetirildi. Olaryň üçüsi altyn, ikisi kümüş we üçüsi bürünç medallardyr.


01.07.2015 | Aşgabatlylar – iň ökde bilýardçylar

Aşgabatda bilýardyň “Erkin piramida” görnüşi boýunça ähli welaýatlardan we paýtagtymyzdan 60 türgeniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Aýgytlaýjy oýunda paýtagtymyzyň toparynyň iki wekili öz aralarynda güýç synanyşdylar. Gyzykly geçen bu duşuşykda Batyr Aşyrow Begenç Aýdogdyýewi ýeňil bolmadyk oýunda 7:4 hasabynda ýeňmegi başardy.


30.06.2015 | Türkmen karateçileriniň üstünlikleri

Ýurdumyzyň türgenleri adaty karate boýunça geçirilýän halkara ýaryşlarynda üstünlik gazandylar. Biziň watandaşlarymyz Çehiýanyň paýtagtynda geçirilen Praganyň Açyk Kubogy ugrundaky bäsleşiklerde şowly çykyş edip, 27 medallara eýe boldular. Olaryň 11-si altyn, 8-si kümüş we şonça hem bürünç medallardyr.


21.06.2015 | Türkmenistanyň wekilleri küşt boýunça dünýä kubogy ugrundaky ýaryşlara gatnaşarlar

Bu barada ýakynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Aziýanyň zolaklaýyn (Merkezi Aziýa zolagy) çempionatynda mälim boldy, şonda türkmen küştçüsi, haklara derejeli sport ussady Ýusup Atabaýew erkekleriň arasynda geçirilen bäsleşikde ikinji orny eýeläp, şu ýylyň sentýabr aýynda Baku şäherinde geçiriljek dünýä birinjiligine gatnaşmaga hukuk gazandy.


17.06.2015 | Türkmen boksçularynyň we pälwanlarynyň alty medaly

Türkmen türgenleri boks hem-de grek-rim göreşi boýunça ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatlarynyň ikisinde uly üstünlik gazandylar. Umuman, Türkmenistanyň sportda gazananlary medallaryň altysy—bir kümüş we bäş bürünç medal bilen köpeldi.


16.06.2015 | Türkmen futbolçylary Aziýanyň iň gowy toparlarynyň biri bilen deň oýnady

Daşoguz, 16-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň ýygyndysynyň futbolçylary ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň merkezinde 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama oýnunyň çäklerinde Eýranyň topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar.


01.06.2015 | Türkmenistanyň Bilýard sporty federasiýasy döredildi

Aziýanyň Olimpiýa GeňeşiniňAşgabatda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdi ýurdumyzda täze sport federasiýalarynyň açylmagyny şertlendirdi. Ine, ýakynda Türkmenistanyň Bilýard sporty federasiýasy resmi taýdan bellige alyndy. Dessine hem ýurdumyzyň ilkinji çempionaty geçirildi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter